Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Ol Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň biziň ýurdumyza bolan resmi saparyna gabat gelip, dostlukly we netijeli türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Dowamyny okamak: Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu günler Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri türkmen we ermeni halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygynyň, iki ýurduň medeniýetleriniň özara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.

Dowamyny okamak: Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenbaşy, 12-nji mart (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýanyň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Dowamyny okamak: Awazada halkara ylmy maslahat öz işine başlady

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň «Prezident» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan medeni çäräniň açylyş dabarasy boldy. Onuň çäklerinde Aşgabatda iki günüň dowamynda ýaponiýalylaryň gülleri bezemek sungaty bolan ikebananyň we ýapon žiwopisi sumi-eniň tanyşdyryş dabarasy bolar. Bu çäre gumanitar ulgamynda işjeň ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm halkasy bolup durýar we dostlukly halklaryň özara düşünişmegini pugtalandyrmagy, olaryň birek-birek baradaky düşünjelerini giňeltmegi maksat edinendir.

Dowamyny okamak: Türkmenistan — Ýaponiýa: medeniýet ulgamynda gatnaşyklary ösdürip