Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar
Medeni miras
02.05.2024Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy milli tebigy baýlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan türkmen bedewleriniň gymmaty we ähmiýeti, olary ösdürip ýetişdirmegiň sebitleýin we halkara aýratynlyklary, at münmegiň dürli görnüşleri, tohumçylyk ugurlary, gözellik derejeleri, seýisçilik sungaty, at bezegleri we çapyşyklary, arassa ganly tohum atlaryň genofondy, tälimçilik sapaklary baradaky ykrar edilen we söýülýän edebi, taryhy we jemgyýetçilik mukaddesliklerine, durmuş hakykatlaryna baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.