HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER
Syýahatçylyk
12.08.2024Şu ýylyň 17-31-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde nusgawy saz sungatynyň «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwaly geçiriler.
Syýahatçylyk
12.08.2024Şu ýylyň 17-31-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde nusgawy saz sungatynyň «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwaly geçiriler.
Syýahatçylyk
12.08.20242024-nji ýylyň 25-30-njy awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýada we dünýäde esasy aýdym-saz çärelerinden biri bolan «Şark Taronalary» atly XIII halkara aýdym-saz festiwaly geçiriler.
Syýahatçylyk
12.08.2024Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde 2024-nji ýylyň 25-nji awgustynda «Young Euro Classic» atly halkara festiwaly geçiriler. Bu festiwala ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşar. Onda türkmen milli saz gurallarymyz bolan dutar, gyjak, tüýdük ýaly gurallarda türkmeniň milli owazy häzirki zaman röwüşde ýaş sazandalar tarapyndan janlandyrylar. Şeýle-de türkmen milli kompozitorlary Nury Halmmämedow, Weli Muhadow, Durdy Nuryýewiň ajaýyp sazlary ýaňlanar.
Syýahatçylyk
12.08.2024Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerindäki «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.
Syýahatçylyk
10.08.20248-nji awgustda Astana şäherinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we Merkezi Aziýanyň maglumat giňişligini ösdürmegiň çäginde Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň meseleleri boýunça ygtyýarly edaralaryň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň ygtyýarly guramalarynyň wekilleri we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew gatnaşdy.
Syýahatçylyk
10.08.2024Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti Budapeşte iberildi.
Syýahatçylyk
10.08.202421-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda geçiriljek «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konserti Russiýa bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky möhüm medeni köpri bolar.
Syýahatçylyk
09.08.2024Türkmenistanyň wekiliýeti syýahatçylyk boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde 2024-nji ýylyň 9-11-nji awgusty aralygynda geçirilýän «Sian Ýüpek ýolunda EKSPO 2024» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar.
Syýahatçylyk
06.08.20242024-nji ýylyň awgust aýynyň 7-si we 11-i aralygynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärä Türkmenistanyň halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirijilerini, sazandalary, folklor toparlaryny, medeniýet işgärlerini, kino sungatynyň wekillerini, muzeý işi boýunça hünärmenleri hem-de žurnalistleri özünde jemleýän döredijilik wekiliýeti gatnaşar. Türkmenistan bilen Wengriýa döwletiniň dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklarynyň barha ilerleýändigi görkezýär.
Syýahatçylyk
06.08.2024Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyryna sebitiň şäherdir etraplarynda bolan deslapky gözden geçirişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy.