Türkmen wekiliýeti Ärdebilde geçirilen YHG agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Syýahatçylyk
09.10.20232023-nji ýylyň 4-5-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ärdebil şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň 5-nji duşuşygyna we ýokary derejeli hünärmenleriniň 7-nji duşuşygyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow hem-de «Aziýanyň merjeni» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Gurban Gurbanow gatnaşdylar.