HABARLAR


Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açyldy

Täzelikler

17.10.2023

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu ýokary ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden sungat eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

Täzelikler

17.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Teatr we kino ussadynyň doglan güni mynasybetli kitap sergisi guraldy

Täzelikler

17.10.2023

Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Suraý Myradowanyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli «Keşplerde ýaşaýan ynsan» atly kitap sergisi we gürrüňdeşlik guraldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Täzelikler

17.10.2023

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba-senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň sergisi geçiriler

Täzelikler

16.10.2023

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda 17-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy bolar.

Daşary ýurtly myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler

Täzelikler

16.10.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14-15-nji oktýabry aralygynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Bu kinofestiwala dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen kino ussatlary, režissýorlar gatnaşdylar.

Daşary ýurtly artistler Türkmen döwlet medeniýet institutynda ussatlyk sapagyny geçdiler

Täzelikler

14.10.2023

Şu gün Arkadag şäherinde geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar Burak Özçiwit, Mehmet Bozdag, Eduard Montut we beýleki film festiwalyna gatnaşyjylar Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardylar.

Bakuda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi

Täzelikler

14.10.2023

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynda resmi kabul edişlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy

Täzelikler

14.10.2023

13-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi.

Hormatly Prezidentimiz «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi

Täzelikler

14.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.