HABARLAR


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-nyň TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

Täzelikler

17.06.2023

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AHAL WELAÝATYNA IŞ SAPARY

Täzelikler

15.06.2023

14-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — BIZIŇ ESASY WEZIPÄMIZ HALKYMYZYŇ ÝAŞAÝYŞ-DURMUŞ DEREJESINI HAS-DA GOWULANDYRMAKDAN YBARATDYR

Täzelikler

15.06.2023

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ýaly möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY

Täzelikler

14.06.2023

13-nji iýun hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Täzelikler

13.06.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň abraýly festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

13.06.2023

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň halk artisti Begli Babanyýazow 95 ýyllygy (1928-2006)

Täzelikler

12.06.2023

Begli Babanyýazow 1928-nji ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň häzirki Ruhabat etrabynyň Gökje obasynda dünýä inýär. Onuň çagalykdan aýdym-saza imrinmegine obadaşlary, döwrüniň ägirt bagşylarynyň biri bolan Oraz Sopynyň aýdymlary sebäp bolupdyr. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň başlanan ilkinji günlerinden öz islegi boýunça söweş meýdanyna gidip, 1942-nji ýylda hem gahrymanlarça wepat bolan Oraz bagşynyň «men» diýen çaglary aýdan aýdymlary ýaşajyk Begli üçin özboluşly mekdep bolupdy.

Kalbymyň owazy

Täzelikler

12.06.2023

2023-nji ýylyň iýun aýynyň 7-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Röwşen Akynyýazowyň, Nursähet Eýeberenowyň, Azat Taganowyň hem-de Öwezmuhammet Akmuhammedowyň “Kalbymyň owazy” atly toparlaýyn döredijilik sergisi açyldy. Sergide suratkeşleriň 150-den gowrak nakgaşçylyk, grafika we dizaýn eserleri görkezildi.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

12.06.2023

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Bagtyýar döwrümiň suratkeş ýaşlary”

Täzelikler

09.06.2023

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlanyp “Bagtyýar döwrümiň suratkeş ýaşlary” atly sergisi geçirildi.