HABARLAR


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

14.07.2022

13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tomusda saglygy goramak üçin...

Täzelikler

13.07.2022

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy adamlaryň özüni alyp barşynda käbir kadalara has ünsli bolmagyny hem-de olary berk berjaý etmegini talap edýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

06.07.2022

5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

06.07.2022

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garalyp, öň¬de durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

TOMSUŇ ÇOGLY GÜNLERINDE

Täzelikler

04.07.2022

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý et-melidir. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bol-maly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak mas-lahat berilmeýär.

TÜRKMEN HALKYNYŇ ARKADAGYNYŇ HORMATYNA BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

Täzelikler

30.06.2022

29-njy iýunda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Bu dabara halkara jemgyýetçilikde uly abraýa mynasyp bolan, adamzadyň ählumumy meselelerini çözmekde işjeň orny hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen tanalýan, häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli döredijilik sowgady boldy.

Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

Täzelikler

30.06.2022

29-njy iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy.

“ASYRLARA ÝAŇ SALÝAN TÜRKMEN MIRASY” atly ylmy maslahat geçirildi

Täzelikler

29.06.2022

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň medeniýet ulagamynda täze ösüşler giň gerim alýar. “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni” mynasybetli ýurdumyzda her ýyl

TÜRKMEN TOPRAGYNDA DOST-DOGANLYK OWAZLARY

Täzelikler

29.06.2022

Ýurdumyzda toýlaryň toýlara ulaşýan, bu toýlaryň paýtagtymyzda geçiriljek VI Hazar sammitine sepleşýän günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança türkmen

Içseň gana-gana...

Täzelikler

17.06.2022

Tomsuň yssy günlerinde özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar.