HABARLAR


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy

Täzelikler

03.06.2022

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.

KADALARY BERJAÝ EDELIŇ!

Täzelikler

02.06.2022

Saglygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerurdyr. Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARALARY

Täzelikler

02.06.2022

1-nji iýunda asylly däbe görä, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu senäniň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär

Täzelikler

02.06.2022

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.

ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINI TOPLUMLAÝYN ÖSDÜRMEK ÜNS MERKEZINDE

Täzelikler

01.06.2022

31-nji maýda Türkmenistanyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne baryp gördi

Täzelikler

01.06.2022

31-nji maýda Däp bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

01.06.2022

31-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk ge¬ňeşiniň mejlisini geçirdi.

Şugundyryň peýdasy

Täzelikler

31.05.2022

Gün nuruny bolluk bilen eçilensoň, sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň hatarynda şugundyryň adamyň saglygy üçin peýdasy köpdür.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

31.05.2022

30-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öň¬de boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI B.NURALY ADYNDAKY ÇAGALAR ÇEPERÇILIK MEKDEBINDE GEÇIRILEN SERGI DABARASY

Täzelikler

30.05.2022

B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň haly bölüminde okaýan okuwçylaryň türkmen halysynyň baýramy mynasybetli gurnan sergisi we onuň çäginde eden çykyşlary dabaraly ýagdaýda geçirildi.