HABARLAR


GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZDAKY ENÄNIŇ WE ÇAGANYŇ SAGLYGYNY GORAÝYŞ YLMY-KLINIKI MERKEZINE BARDY

Täzelikler

19.05.2022

18-nji maýda ýurdumyzda giň¬den bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda baýramçylyk çäreleri geçirildi

Täzelikler

19.05.2022

18-nji maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.

WATANYMYZYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ 30 ÝYLLYGY WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT

Täzelikler

19.05.2022

17-nji maýda— ýurdumyzyň iň täze taryhyndaky şanly seneleriň öň ýanynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýam we kanun çykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan forumy ýurdumyzyň Milli Geňeşi gurady.

ARKADAGYMYZYŇ “ÖMRÜMIŇ MANYSY” ATLY KITABY RUS DILINDE NEŞIR EDILDI

Täzelikler

19.05.2022

17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Täzelikler

19.05.2022

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “WOZROŽDENIÝE” TASLAMA-GURLUŞYK KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

19.05.2022

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Sarpasy belentde tutulýan zenanlar

Täzelikler

17.05.2022

Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Bu halkara derejeli çärä Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan respublikalarynyň, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. “Jemgyýetçilik-syýasy, sosial-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny”

DOST – DOGANLYK NYŞANY

Täzelikler

17.05.2022

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilýän we geçiriljek täzelikler, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň taryhyna ýazyljak her bir sahypasy bizi şöhratlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, biziň Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen abraýly, dost-doganlykly, parahatçylykly, köptaraplaýyn, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alyp barmagy ýurdumyzyň ykdysady-syýasy, ylym-bilimi ýokarlandyrmagy ilkinji nobatda döwlet içinde alnyp barylýan ynamly gatnaşyklaryň pugtalanmagynyň aýdyň nyşanydyr.

HEREKET SAGLYKDYR

Täzelikler

17.05.2022

Her bir ynsan, ýaşyna garamazdan, hemişe hereketde bolmalydyr. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Onuň hataryna beden maşklary, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, gimnastika, aerobika ýaly görnüşler girýär. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär.

KÖPTARAPLAÝYN TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR

Täzelikler

17.05.2022

16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda şu gün bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi.