HABARLAR


DIÝARYMYZDA TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILDI

Täzelikler

28.10.2024

27-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, beýleki medeni çäreler geçirildi.

HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASYNYŇ IV MEJLISI

Täzelikler

28.10.2024

26-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.

ÝAŞLARYŇ MASLAHATY

Täzelikler

26.10.2024

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

26.10.2024

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

25.10.2024

24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «BRICS GOŞMAK»/«AUTRIÇ» FORMATYNDAKY BRICS SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY

Täzelikler

25.10.2024

Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Türkmenistan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýar.

YNANYŞMAK, HORMAT GOÝMAK WE ÖZARA BÄHBITLILIK ÝÖRELGELERI ESASYNDA DEŇHUKUKLY HYZMATDAŞLYGY ILERLEDIP

Täzelikler

25.10.2024

24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

25.10.2024

24-nji oktýabrda Kazan şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

ÜNS MERKEZINDE-DÜNÝÄNIŇ ENERGETIKA BAZARYNDAKY TÄZE MEÝILLER

Täzelikler

24.10.2024

23-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

NETIJELI HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI — BITARAP TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASAT STRATEGIÝASYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY

Täzelikler

24.10.2024

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.