HABARLAR


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

10.09.2024

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Täzelikler

09.09.2024

Şu ýylyň 7-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

WATANYMYZYŇ WASPY REŇKLERIŇ OWAZYNDA

Täzelikler

09.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň «Watanymyzyň waspy reňkleriň owazynda» atly toparlaýyn sergisi geçirilýär.

ÇARWADARLARYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARY-HALKLARYŇ ARASYNDA DOSTLUGYŇ WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEGIŇ DABARALANMASY

Täzelikler

09.09.2024

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça ÇarwadarlaryňV bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «AKYLLY» ŞÄHERIŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ GURLUŞYGYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BILEN TANYŞDY

Täzelikler

09.09.2024

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

05.09.2024

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ

Täzelikler

03.09.2024

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Berkarar ýurdumyz ata-babalarymyzyň ýaş nesli milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Asyrlar boýy dowam edip gelýän halkymyzyň çaga terbiýelemekde kämilleşen asylly däpleri Oguzhan eýýamynda kemala gelip, türkmeniň milli ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesiller milli ruhda terbiýelenýär.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

03.09.2024

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

MERW TARYHYŇ SÖNMEJEK ŞÄHERI

Täzelikler

02.09.2024

Merwiň şäherleri soňky 2500 ýylyň dowamyna uzalyp gidýär we Merkezi Aziýanyň Ýüpek Ýollarynyň ugrunda iň çylşyrymly we gowy saklanyp galan şäher merkezleriniň birini emele getirýär. Uly şäherleriň yzygiderligi müňlerçe administratorlara, syýasatçylara, esgerlere, alymlara, söwdegärlere we maşgalalara öý bolup hyzmat edipdir.

TARYHÇY ALYM, TARYH YLYMLARYNYŇ DOKTORY, PROFESSOR ANNAGELDI GUBAÝEW

Täzelikler

02.09.2024

Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, Italiýanyň Ylymlar akademiýasynyň we Germaniýanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy diýen hormatly atlara mynasyp bolan alym Annageldi Gubaýewiň halkymyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmekde alyp baran işleri geljekki arheolog ýaşlar üçin asylly ýol-ýörelgedir.