HABARLAR


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SENAGAT WE ÖNÜMÇILIK BOÝUNÇA FEDERAL MINISTRINI KABUL ETDI

Täzelikler

26.06.2024

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI

Täzelikler

26.06.2024

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan—BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

25.06.2024

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

ARKADAG ARŞA GÖTERDI PYRAGYNYŇ SARPASYNY!

Täzelikler

24.06.2024

Döwrebap Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen, ýurdumyzyň žurnalistleriniň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny!» atly dabaraly maslahatda täsirli çykyşlar edildi.

ARKADAGYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

Täzelikler

24.06.2024

Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebinde ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly çykyşlary boldy. Ýaşajyk artistleriň joşgunly aýdym-sazlarydyr tanslary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Tämiz çaga kalbyndan joşup çykýan owazlar, şatlyga we mähire beslenen ajaýyp çykyşlar Watanymyza, öz arzuwlaryny hasyl etmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyň özboluşly çeper beýany bolup ýaşlandy.

MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR

Täzelikler

24.06.2024

22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.

MILLETIMIZIŇ RUHY WE DÖREDIJILIK KUWWATY ÖSÜŞIŇ TÄZE BELENTLIKLERINE RUHLANDYRÝAR

Täzelikler

24.06.2024

22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.

BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Täzelikler

21.06.2024

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.

OBA HOJALYK PUDAGYNYŇ ÖSDÜRILMEGI—AZYK BOLÇULYGYNYŇ KEPILI

Täzelikler

20.06.2024

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Täzelikler

14.06.2024

13-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.