HABARLAR


TÜRKSOÝ-na AGZA DÖWLETLERIŇ ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA MILLI TOPARLARYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

17.05.2024

16-njy maýda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.

TÜRKMENISTAN—RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASY: NETIJELI HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

Täzelikler

16.05.2024

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

TÜRKMENISTANDA AZYK ÖNÜMÇILIGINIŇ DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALARYNYŇ HALKARA SERGISI GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

16.05.2024

15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy.

Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti

Täzelikler

15.05.2024

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyplarynyň we aýdym-saz toparlarynyň dabaraly konserti geçirildi.

Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym

Täzelikler

15.05.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

Täzelikler

15.05.2024

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly

Täzelikler

14.05.2024

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Türkmenistanyň ýörite sazçylyk we çagalar sungat mekdepleriniň gatnaşmagynda Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwal konserti geçirildi.

«Halk saz gurallary» hünäriniň talyby Osman Sapargeldiýewiň ýekelikdäki konserti

Täzelikler

14.05.2024

Ýakynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet öýünde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ «Halk sazy» fakultetiniň «Halk saz gurallary» hünäriniň talyby Osman Sapargeldiýewiň ýekelikdäki konsert çykyşy geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

14.05.2024

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

ÇUWAL BAGŞY ADYN ALAN BAGŞY SEN

Täzelikler

10.05.2024

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýinde «Türkmenistanyň halk bagşysy» Magtymguly Garlyýewiň 135 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan aýdym-sazly dabarasy geçirildi.