HABARLAR


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

20.04.2024

19-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP

Täzelikler

19.04.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek.

Magtymguly Pyragy – köňülleriň şamçyragy

Täzelikler

18.04.2024

Aýdym-saz sungaty älem-jahany parahatçylyga, adamzady dost-doganlyga çagyrmak bilen dowamat-dowamdyr. Saz ýüregiň dilinde sözleýär. Hut şonuň üçin hem ol hemmä düşnüklidir. Saz göwünlere mähribanlyk, ýüzlere ýylgyryş çaýýar. Kalby mähribanlyga, jemaly ýylgyryşa ýaran ynsan bolsa bagtyň janly sergisidir.

Bagtly çagalar-aýdyň geljegimizdir

Täzelikler

18.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi «Bagtly çagalar-aýdyň geljegimizdir» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň her bir güni toýdyr baýramlara beslenip gelýär.

«Dünýä teatry saz sungatynda» atly filarmoniki – lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy

Täzelikler

18.04.2024

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Myrat Gurbanowyň «Dünýä teatry saz sungatynda» atly filarmoniki – lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy geçirildi. Mugallym açyk sapakda, sazly teatryň döreýşi, ýagny ilkidurmuş jemgyýetinde, ilkinji gezek Gadymy Gresiýa we Rimde döreýşi barada, soňra bolsa barokko döwründe

TÜRKMENISTAN HALKARA ÜSTAŞYR ULAG GEÇELGELERI DÜZÜMINI GIŇELDÝÄR

Täzelikler

18.04.2024

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Beýik Pyragy we Nury Halmämmet» atly aýdym-sazly dabara

Täzelikler

17.04.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün saýyn ösüşlere, toýdyr baýramlara beslenýär.

Berdinyýaz Rejepmedowyň «Konsert – dialogy»

Täzelikler

17.04.2024

Ýakynda, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, birnäçe döwlet aýlaglarynyň we baýraklarynyň eýesi, dosent Berdinyýaz Rejepmedowyň 80 ýaş ýubileýi mynasybetli «Konsert-dialog» atly aýdym-saz duşuşygy geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Täzelikler

17.04.2024

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-niň ILATLY NOKATLAR BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNYŇ WEZIPESINI WAGTLAÝYN ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI

Täzelikler

17.04.2024

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.