HABARLAR


«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY

Täzelikler

09.02.2024

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary şöhlelendirildi diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Aýdym-sazly dabara

Täzelikler

08.02.2024

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň, halypa we ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň batly gadamlary»

Giňdir Älem ýaly şygryýet çygry

Täzelikler

08.02.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, geljegi öňden nazarlan, akyldar, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentden tutulyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde dabaraly, gyzykly çäreler geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, türkmene mahsus beýik ynsan häsiýetlerini özünde jemleýän şygyrlary aýdym bolup halkyň kalbynda ýaňlanýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP

Täzelikler

08.02.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, söhbetdeşlikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki maslahatlar yzygiderli geçirildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda möhüm sebitara we ählumumy meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Täzelikler

07.02.2024

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi.

Deňizden öwser ýeli türkmeniň

Täzelikler

05.02.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň toparlaýyn döredijilik sergisine gatnaşýan höwesli suratkeşlerimiziň eserlerine syn bermegiň özi hem aýratyn lezzetdir. Täze, ajaýyp eserler tomaşaçylarymyzy gyzgyn garşy almaga howlukýar.

HALKYŇ BAGTYÝAR DURMUŞYNYŇ ÜPJÜN EDILMEGI WATANYMYZYŇ ÖSÜŞ STRATEGIÝASYNYŇ BAŞ MAKSADYDYR

Täzelikler

05.02.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ ÝYL ÝAZGYSY — 2023-nji ÝYL

Täzelikler

02.02.2024

«2023-nji ýyl milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen döwri hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

ÝAŞULULARYŇ GÖRELDESI—ÝAŞ NESILLERI MYNASYP TERBIÝELEMEGIŇ BINÝADY

Täzelikler

01.02.2024

31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny Ýaşulular geňeşini hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

YNSANPERWER ÝÖRELGELERE EÝERIP

Täzelikler

01.02.2024

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde «Watan söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň,