HABARLAR


«Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» bäsleşiginde haýsy aýdymçy ýeňiji bolar?!

Täzelikler

11.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji dekabrda Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» sergi boýunça söhbetdeşlik geçirildi

Täzelikler

10.12.2023

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp açylan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» atly sergi boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

Moskwada «Tükmenistanyň medeniýet günleri» geçiriler

Täzelikler

10.12.2023

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Moskwanyň Milletler öýünde «Tükmenistanyň medeniýet günleri» geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara uly orun berler.

Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi

Täzelikler

08.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Bu dabara Daňatar Hydyrowyň maşgalasy, dostlary, kärdeşleri, muşdaklary olardan başga-da okuwymyzyň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.

Ýurdumyzda gyş paslynyň uly çille döwri başlandy

Täzelikler

08.12.2023

Şu gün Türkmenistanda uly çille döwri başlanýar. Uly çille döwri 8-nji dekabrda, garagyş gutarandan soň başlanýar we kyrk günläp dowam edýär. Şondan soň ol öz ornuny kiçi çillä berýär. Uly çille döwri köp güni öz içine alýandygy sebäpli, gyşyň örküji hasaplanýar. Hut şonuň üçin-de, ata-babalarymyz bu döwre aýratyn taýýarlyk görüpdirler diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy

Täzelikler

08.12.2023

Şu ýylyň 5 — 9-njy dekabry aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirilýär.

«TM CELL» TÄZE 71-LIK KODUNY IŞE GIRIZDI

Täzelikler

07.12.2023

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory «TM CELL» söwda markasy bilen hödürleýän täze 71 koduny işe girizdi. Ozal bu öýjükli aragatnaşyk operatorynda şeýle kodlaryň bäşisi — 61, 62, 63, 64 hem-de 65 hereket edýärdi.

Berlinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Täzelikler

07.12.2023

Şu gün Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Magtymgulynyň şygryýetiniň Ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy

Täzelikler

06.12.2023

6-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy.

Tugur Berdinyýazowyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi

Täzelikler

06.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, ussat sazanda Tugur Berdinyýazowyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp aýdym-sazly dabara geçirildi.