HABARLAR


Türkmen wekiliýeti Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşdy

Täzelikler

23.11.2023

2023-nji ýylyň 18-21-nji noýabry aralygynda Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler

Täzelikler

23.11.2023

Türkmenistanda ýurduň öňende bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýa bellemek maksady bilen, Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemegiň hem-de olaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Azerbaýjanda «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy

Täzelikler

23.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 17-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzdan hem wekiliýet gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti SPECA ýurtlarynyň sergisinde türkmen önümleri bilen tanyşdy

Täzelikler

23.11.2023

Şu ýylyň 20 — 24-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) günleri geçirilýär. Bu iri çäräniň çäginde, ýagny 21 — 22-nji noýabrda Baku şäherinde «SPECA sebitini ählumumy aragatnaşygyň merkezine öwürmek» atly ykdysady forum, şeýle-de «SPECA ýurtlarynyň sergisi: Durnukly ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly sergi hem geçirilýär. Bu halkara çärä türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Türkmeniň milli senenamasynda garagyş döwri başlandy

Täzelikler

22.11.2023

Türkmenistanda gyş esasan, üç hilidir. Bir gyş bardyr, ol wagtynda girer, wagtynda çykar. Oňa takyk gyş diýilýändir. Onuň möhleti 90 gündir. Başga bir gyş bolsa wagtyndan irräk düşer, güýzden bir aý töwerek wagty, soňundan ýazdanam şonçarak alar, şeýderde 4-5 aýa golaýlar, ir girip, giç çykar. Oňa gelmişek ýada gaýry gyş diýilýär. Onuň sebäbi-de goňşy ýurtlarymyzda gyşyň adatdan daşary gazaply-güzaply gelýändigi sebäplidir. Üçünji bir gyş, ol bolsa öňünden bir aýyny güýze goşar, soňundanam bir aýyny ýaza goşar, ortada ýekeje aý sowuklyk bolar.

Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklandy

Täzelikler

21.11.2023

Ýurduň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Täzelikler

20.11.2023

Şu — 20-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gadymy türkmen halylary Awstriýada geçiriljek söwdalarda satuwa çykarylar

Täzelikler

20.11.2023

Ezber türkmen halyçylary tarapyndan dokalan gadymy nepis halylar Awstriýada geçiriljek «Ajaýyp gadymy gündogar halylary we XIX asyr jemgyýetçilik sungaty» atly auksion söwdasynda satuwa çykarylar.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady

Täzelikler

20.11.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine 2023 — 2027-nji ýyllar üçin saýlanmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.

Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy boldy

Täzelikler

18.11.2023

Gadymy Mary topragynda 16-njy noýabrda badalga alan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň jemleýji gününde, ýagny şu gün — 18-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy geçirildi.