HABARLAR


Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi

Konsertler

08.11.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.

9-njy dekabrda «Kamerata Aşgabat» döredijilik toparynyň konserti geçiriler

Konsertler

07.11.2023

«Kamerata Aşgabat» döredijilik topary Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Gyşyň ýyly aýdym-sazlary» atly konserte çagyrýar.

Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler

Konsertler

31.10.2023

Şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan konserti geçirildi

Konsertler

30.10.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan «Sazdaky durmuş» atly konsert agşamy geçirildi.

Aşgabatda Ýelena Oreşkinanyň konserti geçirildi

Konsertler

17.10.2023

Aşgabat şäherindäki «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Ýelena Oreşkinanyň konserti geçirildi. Ol 1973-nji ýylda ilkinji gezek «Dostluk» atly mekdebiň aýdym-saz toparynyň düzüminde bas gitara bilen sahna çykdy.

Aşgabatda fransiýaly dirižýor Dewid Herponyň konsert agşamy geçiriler

Konsertler

16.10.2023

Şu ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransiýaly tanymal dirižýor Dewid Herponyň çeper ýolbaşçylyk etmeginde konsert agşamy geçiriler.

Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler

Konsertler

14.10.2023

Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Sazdaky durmuş» atly konsert geçirýär.

Aşgabatda «Üstünligiň formulasy» atly konsert geçiriler

Konsertler

11.10.2023

2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler.

«Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly oktýabr saz festiwaly geçirilýär

Konsertler

03.10.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly oktýabr saz festiwaly geçirilýär. 1-nji oktýabrda badalga alan saz festiwaly 31-nji oktýabra çenli dowam eder.

ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Konsertler

28.09.2023

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti geçirildi. Konsert 19:00-da başlandy we Türkmenistanyň milli däp-dessurlaryna we medeniýetine bagyşlandy. Oňa meşhur türkmen suratkeşleri hem-de daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar.