HABARLAR


Aşgabatda «Möjekler we goýunlar» atly täze sahna eseri görkeziler

Teatr we kino dünýäsi

06.12.2023

Şu ýylyň 9-njy dekabrynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda A.Ostrowskiniň «Möjekler we goýunlar» komediýasy esasynda sahnalaşdyrylan «Möjekler we goýunlar» komediýasynyň görkezilişi bolar.

Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar

Teatr we kino dünýäsi

05.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşýar.

Türkmen artistleri «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar

Teatr we kino dünýäsi

05.12.2023

Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşar.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Möjekler we goýunlar» atly täze oýun sahnalaşdyryldy

Teatr we kino dünýäsi

01.12.2023

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary A.N.Ostrowskiniň adybir eseriniň esasynda «Möjekler we goýunlar» atly täze spektaklyny sahnalaşdyrdy. Komediýa žanryndaky spektaklyň režissýor-goýujysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowadyr.

Türkmenistanyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk – dost–doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler

Teatr we kino dünýäsi

01.12.2023

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky teatrlarda «Hemişelik Bitaraplyk – dost–doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler.

1 — 3-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna eserleri bilen tanyş boluň!

Teatr we kino dünýäsi

28.11.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 1 —3-nji dekabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

Türkmenistanyň teatrlarynda 24 — 26-njy noýabr aralygynda görkeziljek sahna eserleri bilen tanyş boluň!

Teatr we kino dünýäsi

22.11.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 24 — 26-njy noýabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

«Magtymguly — köňül guşy» halkara festiwalyň jemleýji sahnasy boldy

Teatr we kino dünýäsi

16.11.2023

Şu gün ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň jemleýji güni. Dünýäniň birnäçe ýurdundan gelen teatrlaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara festiwalyň jemleýji güni Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy.

«Söýgi we hasrat» atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi

Teatr we kino dünýäsi

15.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäklerinde oňa gatnaşýan daşary ýurtly teatr ussatlary üçin «Söýgi we hasrat» atly sahna eserini görkezdiler.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi

Teatr we kino dünýäsi

15.11.2023

Şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäklerinde «Garagöz we Hajiwat» atly oýny bilen çykyş etdiler.