HABARLAR


Türkiýäniň Kölegeler teatry Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwala gatnaşýar

Teatr we kino dünýäsi

13.11.2023

Ertir — 14-nji noýabrda Aşgabat şäherinde «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy bolar. Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda geçiriler.

Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry halkara festiwalda «Şasenem we Garyp» atly sahna eseri bilen çykyş eder

Teatr we kino dünýäsi

12.11.2023

Aşgabatda hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda geçiriljek «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalyna Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň döredijilik hem gatnaşar.

Halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş eder

Teatr we kino dünýäsi

12.11.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 14 — 16-njy noýabr aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler. Halkara festiwalda türkmen teatrlarynyň döredijilik toparlary bilen birlikde, dünýäniň birnäçe ýurdundan geljek teatrlaryň artistleri özleriniň sahna eserleri bilen çykyş ederler.

Gazagystanly teatr artistleri halkara festiwalda «Goragsyzlar güni» atly sahna eseri bilen çykyş eder

Teatr we kino dünýäsi

11.11.2023

Şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.

Türkmenistanyň teatrlarynda 10 — 12-nji noýabr aralygynda görkeziljek sahna eserleri

Teatr we kino dünýäsi

08.11.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 10 — 12-nji noýabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň meýilnamasy bilen tanyş boluň!

Teatr we kino dünýäsi

08.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda festiwal Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçiriler. Biz saýtymyzyň okyjylary üçin halkara festiwalyň çäklerinde geçiriljek dabaralar, görkeziljek sahna oýunlary barada maglumat bermegi makul bildik. Şonuň üçin hem halkara festiwalyň meýilnamasyny saýtymyzda ýerleşdirmegi makul bildik.

Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynda «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna eseri görkeziler

Teatr we kino dünýäsi

07.11.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda ýurdumyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşar.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri Mary welaýatynda döredijilik saparynda bolýarlar

Teatr we kino dünýäsi

07.11.2023

Şu ýylyň 6-12-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri Mary şäherinde we welaýatyň Ýolöten, Türkmengala, Baýramaly, Wekilbazar, Murgap etraplarynda döredijilik saparda bolýarlar.

11-nji noýabrda «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar

Teatr we kino dünýäsi

07.11.2023

11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda kinorežissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar.

3 — 5-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

01.11.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi: