HABARLAR


Özbegistanda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

30.10.2023

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanda ýaş žurnalistleri taýýarlamakda Türkiýäniň «Anadolu» habarlar gullugy bilen işjeň gatnaşyklar alnyp barlar

Halkara medeni gatnaşyklary

26.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Türkiýä sapar bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň resmi saparynyň çäklerinde, türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary düýn «Anadolu» habarlar gullugynyň Baş müdirliginde gepleşikleri geçirdiler.

ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Halkara medeni gatnaşyklary

25.10.2023

ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlanmagy mynasybetli türkmen sungat we medeniýet işgärleri we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konserti boldy.

Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady

Halkara medeni gatnaşyklary

25.10.2023

24-nji oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem gatnaşýar.

ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

24.10.2023

23-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy boldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar.

Aşgabatda italýan kinosynyň güni belleniler

Halkara medeni gatnaşyklary

24.10.2023

Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda sagat 17:00-da «Aşgabat» kinoteatrynda italýan kinosynyň güni mynasybetli dabara geçiriler.

Türkiýäniň Kutahýa şäherinde geçirilen sergide türkmenistanly keramika suratkeşleriniň eserleri görkezildi

Halkara medeni gatnaşyklary

24.10.2023

Şu ýylyň 19 — 22-nji oktýabr aralygynda Türkiýäniň Kutahýa şäherinde geçirilen medeni pudaklaryň döredijilik sammitiniň çäginde türkmen suratkeşleri Dilber we Jeýran Umarowalaryň eserleri amaly-haşam sungat sergisinde görkezildi. Sammit medeniýet we döredijilik pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

3 — 5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

23.10.2023

Şu ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Onuň dowamynda konsert hem-de koreý filmleriniň görkezilişi guralar.

Begmyrat Annamyradow «ABU TV Song Festival» festiwalynda Türkmenistana wekilçilik eder

Halkara medeni gatnaşyklary

23.10.2023

Şu ýylyň 29-njy oktýabrynda Seulda 12-nji Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikleri birleşigi (ABU) tarapyndan guralýan aýdym-saz telebäsleşigi geçiriler. Bu aýdym-saz telebäsleşigine gatnaşjak aýdymçylar belli boldy.

ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

21.10.2023

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.