HABARLAR


Türkmenistanly kinorežissýorlar «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyň hormatly baýraklaryna mynasyp boldular

Halkara medeni gatnaşyklary

12.10.2023

Bakuda geçirilen «Gorkut ata» türki dünýäsiniň III halkara kinofestiwalynyň dowamynda türk dünýäsiniň kino sungatynyň ösmegine goşýan goşantlary üçin Türkmenistandan kinorežissýorlar Hojaguly Narlyýew, Maýagözel Aýmedowa we Çaryýar Seýitliýew dagy «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyň hormatly baýraklaryna mynasyp bolmagy başardylar.

Ahmet Amandurdyýew halkara kinofestiwalyň «Iň gowy erkek keşbini janlandyran aktýor» baýragyna mynasyp boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

12.10.2023

Ozal habar berşimi ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde «Gorkut ata» türk dünýäsiniň III halkara kino festiwaly geçirildi. Bu festiwala türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmen wekiliýeti Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna ilkinji gezek gatnaşýar

Halkara medeni gatnaşyklary

11.10.2023

10-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Kýonju şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň dördünji forumy öz işine başlady.

Mukamlar köşgünde bilelikdäki Türkmen-Awstriýa «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konserti geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

11.10.2023

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bilelikdäki türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestriniň konserti geçiriler.

Eline Gurbanowa Delfiýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

11.10.2023

Türkmenistanly zehinli skripkaçy Elina Gurbanowa 6 — 10-njy oktýabr aralygynda Bişkek şäherinde geçen ýaşlaryň 17-nji Delfiýa oýunlarynda üçünji orna eýe boldy.

Wenanyň meri we gubernatory Wena balyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Halkara medeni gatnaşyklary

10.10.2023

Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi.

Türkmen wekiliýeti türki dilli döwletleriň kino ussatlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşdy

Halkara medeni gatnaşyklary

10.10.2023

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilýän III «Gorkut Ata» türki dünýäniň kino festiwalynyň çäginde türki dilli döwletleriň kino ussatlarynyň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.

Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Hytaýda iş saparynda boldular

Halkara medeni gatnaşyklary

10.10.2023

Dünýäniň 22 ýurdundan 30 töweregi žurnalist, şol sanda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Hytaýyň günorta-günbataryndaky Tibet awtonom sebitinde bäş günlük saparda boldular.

Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň maslahatyna hem-de Türki dünýäsiniň II muzeýler forumyna gatnaşýar

Halkara medeni gatnaşyklary

10.10.2023

Şu ýylyň 11 — 14-nji oktýabry aralygynda Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň II muzeýler forumy geçiriler. Bu maslahata hem-de foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Türkmenistanly ýaşlar Delfiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edýärler

Halkara medeni gatnaşyklary

10.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň ýaşlarynyň arasynda XVII Delfiýa oýunlary geçirilýär. Bu oýunlara ilkinji gezek türkmenistanly ýaşlar hem gatnaşýarlar.