GDA-NYŇ ÝAŞLAR SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILER
Halkara medeni gatnaşyklary
06.09.20242024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň Ufa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň XVII döredijilik we ylmy intellektual forumynyň çäklerinde GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti geçiriler. Bu simfoniki konserte gatnaşmak üçin ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem iş saparyna iberiler.