HABARLAR


KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

09.09.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan kitaphana syny geçirildi.

ÝOL DÜZGÜNLERINI–HÖKMAN BERJAÝ EDELIŇ!

Kitaphanalar

09.09.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdepde «Ýol düzgünlerini–hökman berjaý edeliň!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

«BEÝIK DÖWRE JOŞGUN, TARYP ÝARAŞÝAR» ATLY GÖÇME KITAP SERGI

Kitaphanalar

09.09.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasy bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşýar» atly göçme kitap sergisini gurnady we tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRY PAÝHAS UMMANY

Kitaphanalar

09.09.2024

Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Magtymguly Pyragynyň şygry paýhas ummany» atly gelin-gyzlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

UMUMY ADAMZAT ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGY, GARAŞSYZ WATANYMYZ BAGTYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

06.09.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Neşirleri toplaýyş bölümi, Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi, Kitap saklaýan bölümleri tarapyndan gurnalan «Umumy adamzat şahyry Magtymguly Pyragy, Garaşsyz Watanymyz bagtyň çyragy» atly söhbetdeşligi geçirildi.

KITAP YLYM-BILIMIŇ AÇARY

Kitaphanalar

06.09.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 33-nji orta mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Kitap ylym-bilimiň açary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

HALK MASLAHATY: BAGTYÝAR DURMUŞ, NURANA GELJEK

Kitaphanalar

06.09.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty: bagtyýar durmuş, nurana geljek» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

BILIMLI ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ DAÝANJY

Kitaphanalar

06.09.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebinde «Bilimli ýaşlar Watanymyzyň daýanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

BILIM BAGTYŇ AÇARY

Kitaphanalar

06.09.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän yöriteleşdirilen 76-njy orta mekdepde ýaş nesilleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabyndan ýaşlara berilýan gymmatly öwüt-ündewler barada täsirli gürrüňler berdi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti barada hem gyzykly söhbetler edildi.

KÖŇÜLLERDE, ÝÜREKLERDE GARAŞSYZLYK MUKAMY!

Kitaphanalar

06.09.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Köňüllerde, ýüreklerde Garaşsyzlyk mukamy!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.