HABARLAR


GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ GYMMATLY KITAPLARYNDA MAGTYMGULY PYRAGY HAKYNDA

Kitaphanalar

13.08.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynda Magtymguly Pyragy hakynda söhbetdeşlik geçirildi.

GAHRYMANLARYŇ ESERLERI PÄHIM-PAÝHAS ÇEŞMESI, BAGTYÝAR TÜRKMEN ÝAŞLARY NESIHATYŇ TEŞNESI

Kitaphanalar

13.08.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Gahrymanlaryň eserleri pähim-paýhas çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi!» atly söhbetdeşlik.

«GUJURLY BILIM» MERKEZINDE GEÇIRILEN KITAP HEPDELIGI

Kitaphanalar

13.08.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde «Gujurly bilim» merkezinde kitap hepdeligini geçirdi. Bu merkezde bilim alýan bilesigeliji okuwçylar kitap sergisindäki ertekileriň dürli görnüşlerini uly höwes bilen okadylar. Aýratyn-da daşary ýurt dillerindäki ertekilere uly gyzyklanma bildirdiler. Okan kitaplary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar.

USSAT ŞAHYR MAGTYMGULY PYRAGY

Kitaphanalar

12.08.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli «Ussat şahyr Magtymguly Pyragy» ady bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda söhbetdeşlik geçirildi.

HÜNÄR BÄSLEŞIGI

Kitaphanalar

12.08.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde gurnamagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaphanalardan öňdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylaryň ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy–şygry paýhas ummany» ady bilen hünär bäsleşigi geçirildi.

GOJAMAN HAZAR: DOSTLUK, PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK DEŇZI

Kitaphanalar

12.08.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Gojaman Hazar:dostluk,parahatçylyk söýüjilik deňzi» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Kitaphanalar

12.08.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we “Ýaşlyk”teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

MÄLIKGULY BERDIMUHAMEDOW WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK NUSGASY

Kitaphanalar

12.08.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Mälikguly Berdimuhamedow watansöýüjiligiň beýik nusgasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ WAJYP ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

10.08.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynda öňde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda hem-de halk bilen döwletiň arasyndaky sazlaşygyň esasynda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wajyp ähmiýeti barada wagyz-nesihat» söhbetdeşligi geçirildi.

MILLI ÝÖRELGE ÝAŞLARA GÖRELDE

Kitaphanalar

10.08.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Milli ýörelge ýaşlara görelde» ady bilen çagalaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.