HABARLAR


GÜNIŇ UKLAÝAN ÝERINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

08.07.2024

Mary welaýat çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýazyjy Allaberdi Haýydowyň 95 ýyllygy mynasybetli «Günüň uklaýan ýerine syýahat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärede Allaberdi Haýydowyň ýazan goşgularyndan okalyp, edebiýatlaryna syn berildi, gyzykly tapmaçalar çözülip, şowhunly sorag-jogaply krassword oýny oýnaldy. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglara gyzykly hem-de täsirli jogaplary tapyp öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirdiler.

SERGI

Kitaphanalar

08.07.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutuň bagtyýar talyp ýaşlary bilen kitaphanada gezelençler gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplar bilen sorag-jogap alşyldy, gezelenjiň ahyrynda bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

SAGDYN NESIL-SAGDYN ÝURT!

Kitaphanalar

08.07.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Gökderedäki «Nesil» dynç-alyş sagaldyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada gezelenç etmek, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler dogrusynda çagalaryň arasynda wagyz-nesihat çäresini guradylardy.

MUNY BILMEK GYZYKLY

Kitaphanalar

08.07.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň Ruhybelent nesilleri» dynç alyş merkezinde «Muny bilmek gyzykly» atly täsin dünýä barada gürrüňdeşlik geçirildi. Kitaphananyň hünärmenleri dünýä täsinlikleri barada gyzykly gürrüň berdiler.

ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞLERI

Kitaphanalar

08.07.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Ýurdumyzyň ösüşleri» ady bilen söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

08.07.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalaryň terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

MAGTYMGULY, SÖZLE HERNE BILENIŇ

Kitaphanalar

05.07.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly,sözle herne bileniň» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

SERGI

Kitaphanalar

05.07.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri hem-de «Awtomobil ýollarynyň gurluşygy», «Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek» atly temalar bilen sergi gurnaldy.

ÇAGALARYŇ ŞATLYGY-DÜNÝÄNIŇ ABATLYGY

Kitaphanalar

05.07.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn sümmül» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalaryň şatlygy-dünýäniň abatlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

LOWURDAP NUR SAÇ SEN ARKADAG ÝYLDYZY

Kitaphanalar

04.07.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Lowurdap nur saç sen Arkadag ýyldyzy» atly syýasy söhbetdeşlik geçirildi.