HABARLAR


Bagtyýar uçurymlar

Kitaphanalar

25.05.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Bagtyýar uçurymlar» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi. Ylym-bilimiň kämil ýolundaky ilkinji basgançaklaryny tamamlaýan uçurymlar ýürekleri buýsançdan kalplary joşgundan doly.

Pähim-paýhas ummany

Kitaphanalar

25.05.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Pähim-paýhas ummany» atly sanly ulgam arkaly wideo şekilli söhbetdeşlik geçirildi.

«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Kitaphanalar

25.05.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwlet kitaphanasy, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, täze çapdan çykan «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Haly türkmeniň nepis sungaty

Kitaphanalar

25.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Haly türkmeniň nepis sungaty» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç

Kitaphanalar

25.05.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde ýakynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda öz okyjylarynyň gatnaşmagynda gezelenç gurady we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň many-mazmun baýlygy hakynda söhbet etdiler.

Aşgabat gözelligiň şäheri

Kitaphanalar

25.05.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri okyjylarymyzyň gatnaşmaklarynda ýaňy-ýakynda «Aşgabat gözelligiň şäheri» atly Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde edebi-sazly agşam geçirdi.

Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!

Kitaphanalar

25.05.2024

Mary welaýat çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz ýaşajyk okyjylary bilen «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlik hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde dünýäniň ähli künjeginde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň giňden öwrenilýändigi

Türkmen nepis halysy - Ak şäherimiziň bezegi

Kitaphanalar

23.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kitaphanasynyň guramagynda «Türkmen nepis halysy - Ak şähermiziň bezegi» ady bilen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Dost-doganlyk merkezi Ak şäherim Aşgabat

Kitaphanalar

23.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Garajaoglan» seýilgähinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Dost-doganlyk merkezi Ak şäherim Aşgabat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmeniň guwanjy, buýsanjy haly

Kitaphanalar

23.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmeniň guwanjy, buýsanjy haly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.