HABARLAR


“Tebigat biziň öýümizdir” ady bilen çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik.

Kitaphanalar

15.06.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda Daşky gurşawy goramagyň halkara güni mynasybetli tebigat bilen baglanyşykly tapmaçalar, matallar esasynda bäsleşik geçirdi.

“Keşdeçilik sungaty – mirasymyzyň zynaty” atly söhbetdeşlik.

Kitaphanalar

15.06.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň höwesjeň gyzjagazlarynyň arasynda türkmen keşdeçilik sungaty barada “Keşdeçilik sungaty – mirasymyzyň zynaty” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan milli keşdeçilik sungaty barada täsirli gürrüňler edildi.

“Göwünleri galkyndyran goşa toý”

Kitaphanalar

13.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Göwünleri galkyndyran goşa toý” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

“Ertekiler dünýäsine syýahat”

Kitaphanalar

13.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.

“Elimiň işi-edebimiň başy”

Kitaphanalar

13.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Elimiň işi-edebimiň başy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

“Ylym zeminiň zynaty”

Kitaphanalar

09.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Ylymlar güni mynasybetli “Ylym zeminiň zynaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

“Milli medeniýetiň güllän zamany, arzuwlan zamanaň geldi Pyragy”

Kitaphanalar

09.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman medeniýet merkezi bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetiň güllän zamany, arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

“Türkmen halk ertekikeri, halk döredijiligiň öçmejek nury”

Kitaphanalar

09.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Türkmen halk ertekileri, halk döredijiligiň öçmejek nury ” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.

“Magtymguly Pyragy - türkmeniň köňül nagşy, medeniýetiň toýunda saýra şahyr, joş bagşy”

Kitaphanalar

08.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragy- türkmeniň köňül nagşy, medeniýetiň toýunda saýra şahyr, joş bagşy” ady bilen döredijilik duşuşyk geçirildi.

“Keşdeçilik sungaty-gymmatly miras”

Kitaphanalar

08.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilikde we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berjilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Keşdeçilik sungaty-gymmatly miras” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.