HABARLAR


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI «RUSSIÝA—YSLAM DÜNÝÄSI: KAZAN FORUM—2024» XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

Täzelikler

17.05.2024

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum—2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.

TÜRKSOÝ-na AGZA DÖWLETLERIŇ ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA MILLI TOPARLARYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

17.05.2024

16-njy maýda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.

Baş Kanunymyz – Döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir

Kitaphanalar

16.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Baş Kanunymyz – Döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Konstitusiýamyzda ýaşyl tugyň öwüşgüni

Kitaphanalar

16.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 130-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýamyzda ýaşyl tugyň öwüşgüni» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Uly Gyzgaladaky gyzykly gezelençler

Taryhy ýadygärlikler

16.05.2024

«Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşen ýadygärlikleri dünýäniň dürli künjeginden görmäge gelýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň we ýerli syýahatçylaryň sany barha artýar. Goraghananyň çägindäki Soltan Sanjaryň, Muhammet ibn Zeýdiň, Hoja Ýusup Hemedanynyň we Sahabalaryň hatyrasyna gurlan binagärlik ýadygärliklerine täsirli gezelençler gurnalýar.

Parla ýaşyl baýdagym

Kitaphanalar

16.05.2024

Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynda «Parla ýaşyl baýdagym» atly edebi-sazly çäresi geçirildi.

Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri - ýaşlaryň baky buýsanjy

Kitaphanalar

16.05.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri - ýaşlaryň baky buýsanjy» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.

Kämil Konstitutsiýa – ýurdumyzyň ösüşleriniň binýady

Muzeýler

16.05.2024

Her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni bellenip geçilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp «Kämil Konstitusiýa – ýurdumyzyň ösüşleriniň binýady» atly sergi gurnaldy.

Paýhas ummany

Kitaphanalar

16.05.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eserini wagyz etmek maksady bilen «Paýhas ummany» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Magtymguly Pyragy – dünýä şygryýetiniň göwheri

Kitaphanalar

16.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – dünýä şygryýetiniň göwheri» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.