HABARLAR


Işan Garaýew barada söhbetdeşlik

Kitaphanalar

07.05.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan sport» teleýaýlymy bilen bilelikde, sport teswirleýjisi Işan Garaýew barada söhbetdeşlik geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

07.05.2024

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy döredijilik sergisi

Täzelikler

06.05.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy döredijilik sergisi açyldy.

Magtymguly Pyragy türkmen şygryýetiniň zergäri

Kitaphanalar

06.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy türkmen şygryýetiniň zergäri» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Beýik Ýeňşi hiç unutmaz adamzat

Kitaphanalar

06.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Beýik Ýeňşi hiç unutmaz adamzat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Diýarymda joşýar şirin owazlar

Täzelikler

06.05.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor we kamera orkestriniň dabaraly konserti geçirildi.

Ýaş zehinleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi

Täzelikler

06.05.2024

Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, kämil hünärli, watansöýüji, maksada okgunly we zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň geljekde öz hünärinden baş çykarýan kämil ýerine ýetirijiler we başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün etmek,

Sarpasy belent gerçekler

Muzeýler

06.05.2024

Eziz diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygarly ýylymyzda, ýene-de bir şanly senesi bolan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy uly dabaralara beslenip toýlanylýar. Türkmeniň gerçek ýigitleri, ata watanymyzyň, ene topragymyzyň, tutuş dünýäniň asudalygy, üçin janlaryny aýaman söweşen ýürekli gahrymanlardyr.

Ýaş sazşynaslaryň ylmy-amaly maslahaty

Täzelikler

06.05.2024

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hepde boýunça her kafedranyň hepdelikleri yzygider nobatma-nobat geçirilip gelinýär. Hepdeliklerde esasan, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Magtymguly Pyragy bilen bagly konsertler, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklar yzygider geçirilýär.

Kalplara nur, ömre ylham Pyragy

Kitaphanalar

03.05.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Kalplara nur, ömre ylham Pyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.