HABARLAR


Şahyrlaryň döredijiliginde döwletlilik ýörelgesi

Kitaphanalar

23.04.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bibliografiýa bölüminiň «Şahyrlaryň döredijiliginde döwletlilik ýörelgesi» ady bilen sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik geljegine sary, aýdyň ýoldan ugur alan mähriban diýarymyzda bolup geçýän belent işlere

Magtymguly Pyragy – söz ummanyň şasy

Kitaphanalar

23.04.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde «Magtymguly Pyragy – söz ummanyň şasy» atly kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy.

Behişdi bedewler – türkmen halkynyň buýsanjydyr

Kitaphanalar

23.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Behişdi bedewler – türkmen halkynyň buýsanjydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

23.04.2024

22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Änew - gadymy medeniýetiň mekany

Kitaphanalar

22.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Ýasmansalyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Änew - gadymy medeniýetiň mekany» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Kitap sergisi

Kitaphanalar

22.04.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna sergi gurady. Guralan sergide Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri sergini synlan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Behişdi bedewlerimize belent sarpa

Kitaphanalar

22.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk etrabynyň medeniýet köşginiň bilelikde guramagynda «Behişdi bedewlerimize belent sarpa» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

«Iň köp okalan kitap» ady bilen kitap şüweleňi

Kitaphanalar

22.04.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Röwşen aýakgabyň», «Belent filmiň», «Bilim nokadyň» hem-de Mahabat müdirliginiň hemaýat bermeginde «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Iň köp okalan kitap» ady bilen çagalaryň arasynda kitap şüweleňi geçirildi.

Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy

Kitaphanalar

22.04.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy» ady bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy, akademik Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp sergi guraldy.

Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy

Kitaphanalar

22.04.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy» atly zehinli ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.