HABARLAR


Şan-şöhraty arşa galan bedewler

Kitaphanalar

19.04.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminde «Şan-şöhraty arşa galan bedewler» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler barada edilýän tagallalarynyň uludygyny açyp görkezýär.

Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary

Kitaphanalar

19.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP

Täzelikler

19.04.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek.

Magtymguly Pyragy – köňülleriň şamçyragy

Täzelikler

18.04.2024

Aýdym-saz sungaty älem-jahany parahatçylyga, adamzady dost-doganlyga çagyrmak bilen dowamat-dowamdyr. Saz ýüregiň dilinde sözleýär. Hut şonuň üçin hem ol hemmä düşnüklidir. Saz göwünlere mähribanlyk, ýüzlere ýylgyryş çaýýar. Kalby mähribanlyga, jemaly ýylgyryşa ýaran ynsan bolsa bagtyň janly sergisidir.

Magtymguly Pyragy-ynsan paýhasynyň gönezligi

Kitaphanalar

18.04.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Bagtly çagalar-aýdyň geljegimizdir

Täzelikler

18.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi «Bagtly çagalar-aýdyň geljegimizdir» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň her bir güni toýdyr baýramlara beslenip gelýär.

«Dünýä teatry saz sungatynda» atly filarmoniki – lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy

Täzelikler

18.04.2024

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Myrat Gurbanowyň «Dünýä teatry saz sungatynda» atly filarmoniki – lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy geçirildi. Mugallym açyk sapakda, sazly teatryň döreýşi, ýagny ilkidurmuş jemgyýetinde, ilkinji gezek Gadymy Gresiýa we Rimde döreýşi barada, soňra bolsa barokko döwründe

Owazasy dünýä dolan bedewler

Kitaphanalar

18.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 83-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Owazasy dünýä dolan bedewler» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew

Kitaphanalar

18.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Kitaphanalar

18.04.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýandygyny belläp geçdiler.