HABARLAR


Hormatly Prezidentimiziň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby

Kitaphanalar

09.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Täzelikler

09.04.2024

8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

09.04.2024

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

«Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň hepdeligi

Täzelikler

08.04.2024

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäginde kafedranyň mugallymlary we talyplary gatnaşmagynda birnäçe konsert dabaralary we duşuşyklar geçirildi.

«Türkmen Binasy» atly Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen konsert

Konsertler

08.04.2024

Ýakynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmen Binasy» atly şahyrana konserdi geçirildi.

Kitap adamzadyň ruhy hazynasy

Kitaphanalar

08.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Kitap adamzadyň ruhy hazynasy» ady bilen Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Kitaphanalar

08.04.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda çüli ýaýlasynda «Türkmen tebigatynyň gözelligi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI BELLENILDI

Täzelikler

08.04.2024

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

08.04.2024

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Halypa bagşy Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100-ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara

Medeni miras

05.04.2024

Daşoguz welaýat Medeniýet öýünde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda mahmal owazly bagşy zenan, Türkmenistanyň halk bagşysy, «Gaýrat» medalynyň eýesi, halypa Akjagül Myradowanyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp, aýdym-sazly, dabaraly çäre geçirildi. Dabarany Bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow alyp bardy.