HABARLAR


Durmuş kitabyny okan, teswirlän, Döwletmämmet ogly Magtymgulydyr

Kitaphanalar

21.02.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Durmuş kitabyny okan, teswirlän, Döwletmämmet ogly Magtymgulydyr» ady bilen aýdym – sazly, wagyz – nesihat çäresi geçirildi.

Janly tebigatyň waspçysy

Kitaphanalar

21.02.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kiçi ýaşly okyjylara hyzmat etmek bölümi ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde «Janly tebigatyň waspçysy» - atly Rus ýazyjysy W.Biankiniň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATYNY KABUL ETDI

Täzelikler

21.02.2024

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Edebiýat agşamy

Kitaphanalar

19.02.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi.

Akyldaryň sarpasy

Täzelikler

19.02.2024

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde guramagynda, paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňündäki meýdançada ýazyjy-şahyrlaryň çeper okaýyşlary, aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döwlet guşy

Kitaphanalar

19.02.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndan Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJI SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY

Täzelikler

19.02.2024

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Täzelikler

19.02.2024

«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda

RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILDI

Täzelikler

16.02.2024

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Konsert maksatnamasynyň kompozitor Greg Gulmäniň «Oskaryň senasy» eseri bilen simwoliki ýagdaýda açylandygyny barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Zyýanly endikler hakynda gürrüňdeşlik

Täzelikler

16.02.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi hem-de Aşgabat şäher PM-niň Bagtyýarlyk etrap PB-mi bilen bilelikde geçirmeginde «Neşekeşlik we çilim çekmegiň zyýany» atly gürrüňdeşlik we söhbetdeşlik geçirildi.