HABARLAR


Mary welaýatynda Täze ýyl mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler

Konsertler

07.12.2023

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary ajaýyp konsertleri bilen çykyş ederler.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi gurnaldy

Muzeýler

07.12.2023

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.

«Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi

Kitaphanalar

07.12.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgi we 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Medeniýet köşgünde «Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

«Bu gün toý donuna beslenip Diýar, Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar» atly söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

07.12.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bu gün toý donuna beslenip Diýar, Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

«Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

07.12.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy

Täzelikler

06.12.2023

6-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy.

Aşgabatda «Möjekler we goýunlar» atly täze sahna eseri görkeziler

Teatr we kino dünýäsi

06.12.2023

Şu ýylyň 9-njy dekabrynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda A.Ostrowskiniň «Möjekler we goýunlar» komediýasy esasynda sahnalaşdyrylan «Möjekler we goýunlar» komediýasynyň görkezilişi bolar.

Tugur Berdinyýazowyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi

Täzelikler

06.12.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, ussat sazanda Tugur Berdinyýazowyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp aýdym-sazly dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy

Muzeýler

06.12.2023

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy.

Lebap welaýatynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konsertleri geçiriler

Konsertler

06.12.2023

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk konsertleri bilen çykyş ederler.