HABARLAR


Aşgabatda Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Konsertler

29.11.2023

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda azerbaýjan halkynyň umumy milli lideri Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Geýdar Aliýew — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlygy» atly konsert geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisi geçiriler

Täzelikler

29.11.2023

Şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda bu ýokary okuw mekdebiň uçurymlarynyň we talyp ýaşlarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» atly döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçiriler.

Türkmen suratkeşleri «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergä gatnaşarlar

Halkara medeni gatnaşyklary

29.11.2023

Gyrgyz-Türk Manas uniwersiteti tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 — 15-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde nakgaşçylyk boýunça «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergi geçiriler.

«Arkadag Serdarly ajap Watanda bagtyýar ýaşlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Kitaphanalar

29.11.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly ajap Watanda bagtyýar ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Medeni miras

29.11.2023

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemini jemlemek, şeýle-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Aşgabatda balkanly suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy

Muzeýler

28.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Balkan welaýatynyň suratkeşleriniň toparlaýyn sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Täzelikler

28.11.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Bu barada ministr sosial ulgamyndaky hasabynda ýazdy diýip, «Report» habar berdi.

«Keşdelere siňen nepislik» atly dabara geçirildi

Medeni miras

28.11.2023

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýüniň giň eýwanynda «Keşdelere siňen nepislik» ady bilen saz-söhbetli dabara geçirildi. Türkmeniň keşdeçilik sungatyna bagyşlanan bu dabara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap bölümleri, beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi zenanlar, mährem eneler gatnaşdy.

1 — 3-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna eserleri bilen tanyş boluň!

Teatr we kino dünýäsi

28.11.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 1 —3-nji dekabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

Türkmenistan we Katar medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Täzelikler

28.11.2023

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedowyň Kataryň medeniýet ministri Şeýh Abdulrahman bin Hamad bin Jassim bin Hamad Al Tani bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.