HABARLAR


Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi

Teatr we kino dünýäsi

15.11.2023

Şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäklerinde «Garagöz we Hajiwat» atly oýny bilen çykyş etdiler.

Halkara festiwalyň çäginde türkmen artistleri «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş etdiler

Teatr we kino dünýäsi

15.11.2023

Şu gün ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäginde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary halkara festiwala gatnaşyjylara «Ak gämi» atly sahna eserini görkezdiler.

Azerbaýjanly artistler «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eserini görkezdiler

Teatr we kino dünýäsi

15.11.2023

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Festiwalyň ikinji gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň halkara festiwala getiren «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly sahna eseri görkezildi.

Aşgabatda Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň artistleri «Gelmişek» atly sahna eseri bilen çykyş etdiler

Teatr we kino dünýäsi

15.11.2023

Aşgabatda hem-de Arkadag şäherlerinde geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Şu gün festiwalyň ikinji güni.

Polýak aýdymçysy Marsin Sçysinskiý bilen duşuşyk geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

15.11.2023

Şu ýylyň 14-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda polýak aýdymçysy, «Bornus Consort» ansamblyny esaslandyryjy, taryhy aýdymlary öwreniji we timarlaýjy Marsin Sçysinskiý bilen duşuşyk geçirildi.

Aşgabatda «Güneşli» atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi

Täzelikler

15.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Täzelikler

15.11.2023

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry «Şasenem we Garyp» atly sahna eseri bilen Aşgabatda çykyş etdi

Teatr we kino dünýäsi

14.11.2023

Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Şu gün ir bilen halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Üç günläp dowam etjek halkara festiwalyň ilkinji güni oňa gatnaşýan myhmanlara, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin görkezilen sahna eserleri barada habar berdik.

Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar teatry Aşgabatda geçirilýän halkara festiwalda çykyş etdi

Teatr we kino dünýäsi

14.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşmaga gelen Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar drama teatrynyň döredijilik toparynyň halkara festiwala getiren «Watandan alysda geçen gije» atly sahna eseriniň görkezilişi geçirildi.

Gazagystanly teatr artistleri Aşgabatda çykyş etdiler

Teatr we kino dünýäsi

14.11.2023

Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ilkinji güni Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň artistleri çykyş etdiler.