HABARLAR


Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

31.10.2023

Ýakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp Mary welaýat kitaphanasynda Mary welaýat şahyrlar birleşmesiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler

Konsertler

31.10.2023

Şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konsertleri geçiriler.

Gyrgyzystanly teatr ussatlary Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynda «Magtymguly Pyragy» sahna eseri bilen çykyş ederler

Halkara medeni gatnaşyklary

31.10.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan geljek teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşarlar.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary «Kazandaky Gündogar bazary» türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler

Halkara medeni gatnaşyklary

31.10.2023

Şu ýylyň 25 — 28-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Kazandaky Gündogar bazary» türki halklaryň halkara festiwalynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Türkmenistan Bakuda geçiriljek TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna gatnaşar

Halkara medeni gatnaşyklary

30.10.2023

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna gatnaşar.

«Alabaýym — abraýym» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Kitaphanalar

30.10.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Alabaýym — abraýym» ady bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşen Aşgabat söwda merkezinde döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan konserti geçirildi

Konsertler

30.10.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan «Sazdaky durmuş» atly konsert agşamy geçirildi.

Begmyrat Annamyradow «ABU TV Song Festival» aýdym-saz telefestiwalynda çykyş etdi

Halkara medeni gatnaşyklary

30.10.2023

29-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen 12-nji Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň arasynda «ABU TV Song Festival» aýdym-saz telefestiwaly geçirildi.

Altynjemal Baýlyýewa amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesinde ýeňiş gazanmagy başardy

Täzelikler

30.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-20-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesi geçirildi.

«Zehinli ýaşlaryň festiwaly» atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi

Täzelikler

30.10.2023

27-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Ýörite fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Amannepesowanyň hem-de «Estrada kakylyp çalynýan saz gurallar» kafedrasynyň mugallymy Yklym Babaniýazowyň bilelikde we ýekelikde ýerine ýetirmeklerinde «Zehinli ýaşlaryň festiwaly» atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi.