HABARLAR


«Magtymgulynyň Pyragy – şygryýetiň çyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

25.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymgulynyň Pyragy – şygryýetiň çyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň teatrlarynda 26 — 29-njy oktýabr aralygynda görkeziljek sahna eserleri

Teatr we kino dünýäsi

25.10.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 26 — 29-njy oktýabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

«Türkmen alabaýy – ynsanyň wepaly ýoldaşy» atly sergi gurnaldy

Muzeýler

25.10.2023

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen alabaýy – ynsanyň wepaly ýoldaşy» atly muzeý gaznasyndaky türkmen alabaýyna degişli arheologik tapyndylardan, nakgaş, keramika, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden sergi gurnaldy.

«Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Täzelikler

25.10.2023

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglamak dabarasy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň milli baýramy — Respublika güni bilen gutlady

Täzelikler

25.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň milli baýramy — Respublika güni bilen gutlady

Täzelikler

25.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady

Halkara medeni gatnaşyklary

25.10.2023

24-nji oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem gatnaşýar.

24 — 29-njy oktýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki kinoteatrda we kinokonsert merkezlerinde görkeziljek filmler we multfilmler

Soňky habarlar

24.10.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Kinowideohyzmat» birleşiginiň garamagyndaky kinoteatrda we kinokonsert merkezlerinde 2023-nji ýylyň 24 — 29-njy oktýabry aralygynda tomaşaçylara görkezilmegi meýilleşdirilýän filmleriň we multfillmleriň tertibi:

Kompozitor Mämmet Guseýnow türkmen halkyna Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli gutlag iberdi

Täzelikler

24.10.2023

Mämmet Guseýnow türkmen halkyny Nury Halmämedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli gutlady.

ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

24.10.2023

23-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşy boldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar.