HABARLAR


«Magtymgulynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy» ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi

Kitaphanalar

05.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «Magtymgulynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz nesihat çäresi geçirildi.

Döwlet çagalar kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi

Kitaphanalar

05.10.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň höwesjeň okuwçylary bilen «Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň guwanjy dana Pyragy» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.

23-24-nji oktýabrda ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

05.10.2023

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Wenada konsert geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

05.10.2023

Şu ýylyň 18-nji oktýabrynda Wenanyň esasy aýdym-saz zallarynyň biri bolan «Ehrbar Saal»-da türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsert geçiriler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Arkadag şäherine gezelenç etdiler

Täzelikler

05.10.2023

Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň Arkadag şäherine eden gezelenji boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti 9 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Täzelikler

05.10.2023

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hepdelik sergi açyldy

Muzeýler

05.10.2023

Şu ýylyň 2 — 7-nji oktýabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda «Arkadag Serdarly halkyň milli mirasy» atly hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly bilelikdäki hepdelik sergisi açyldy.

«Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi

Kitaphanalar

05.10.2023

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli ugurdaky meýilnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi.

«Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Täzelikler

04.10.2023

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezinde zehinli keşdeçileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp sergi gurnaldy

Muzeýler

04.10.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp «Mukaddes hakyda» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, milli halk senetçiliginiň eserleri, halylar, zergärçilik we bezeg önümleri, dokumental fotosuratlar görkezilýär. Sergi iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölümi Aşgabat ýer titremesine, ikinji bölümi bolsa Gökdepe söweşine bagyşlanýar.