HABARLAR


Türkmenistan «Kitap Duşenbe — 2023» halkara kitap sergisine gatnaşýar

Halkara medeni gatnaşyklary

03.10.2023

Şu ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Kitap Duşenbe-2023» atly XI halkara kitap sergisi geçirilýär.

Kinorežissýor Sahysalyh Baýramow halkara kinofestiwalyň baýragyna mynasyp boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

03.10.2023

Şu ýylyň 29-njy sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynda «Ýüpek ýolunyň merjeni» XV Daşkent kinofestiwaly geçirildi.

29-njy oktýabrda «Dutaryň owazy» VII festiwalyň açylyş dabarasy bolar

Halkara medeni gatnaşyklary

03.10.2023

Ýakynda «Dutaryň owazy» VII festiwalynyň meýilnamasy tassyklandy. Maksatnama laýyklykda, 29-njy oktýabrda Russiýa Sungat akademiýasynyň muzeý we sergi toplumynda festiwalyň açylyş dabarasy bolar.

Türkmenistanyň meşhur suratkeşleri Lebap welaýatyna bagyşlanan eserleri döretdiler

Täzelikler

03.10.2023

Türkmen suratkeşleriniň gaznasynda Lebap welaýatynyň tebigatyna bagyşlanan täze çeperçilik eserleriniň sany ep-esli artdy. Çünki olar ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen bir hepdelik döredijilik duşuşygynyň çäklerinde Lebap welaýatynyň tebigy gözelliklerine bagyşlanan eserleri döretdiler.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

03.10.2023

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

«Baky rowaýatlar» atly sahna eseri gurjak teatrlarynyň VII festiwalynda görkeziler

Teatr we kino dünýäsi

03.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 24 — 29-njy oktýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynda «Çodari Haýol» gurjak teatrlarynyň VII festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala ilkinji gezek Türkmenistan şeýle-de Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, şol sanda Eýran ýaly ýurtlaryň döredijilik toparlary gatnaşar.

«Skapeniň sapalagy» atly täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy

Teatr we kino dünýäsi

03.10.2023

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Žan Batist Molýeriň «Skapeniň sapalagy» atly täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Sahnanyň dowamyndaky wakalar XVII asyrda Neapolda gadymy italýan galalarynyň eteginde ýerleşýän şäher meýdançasynda bolup geçýär. Haýran galdyryjy wakalaryň baş gahrymany bolsa hyzmatkär Skapen.

«Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly oktýabr saz festiwaly geçirilýär

Konsertler

03.10.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly oktýabr saz festiwaly geçirilýär. 1-nji oktýabrda badalga alan saz festiwaly 31-nji oktýabra çenli dowam eder.

Arkadag şäherinde halkara ýaşlar forumy geçirildi

Täzelikler

03.10.2023

2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.

Täsirli gezelenç

Syýahatçylyk

02.10.2023

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri,