PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Tassyklan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli, döwlet muzeýleriniň we kitaphanalarynyň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde gurnaljak muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergileriniň hem-de kitap sergileriniň Tertipnamasyna laýyklykda, «Gökdepe» milli muzeýiniň «Etnografiýa» bölüminde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly muzeýiň gymmatlyklaryndan wagtlaýyn sergisi we Ahal welaýat kitaphanasynyň kitap sergisi gurnaldy.
Sergi Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Talyp ýaşlary muzeýiň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirildi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny üns bilen diňläp, her bir esbaplary synlap bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler.
Sergide, esasan, türkmen halkynyň milli şaý-sepleri, gündelik ulanan durmuşy esbaplary sergilendi. Talyp ýaşlar halkymyzyň baý milli mirasy barada berilýän maglumatlary diňläp, özleriniň dünýägaraýyşlarynyň, gözýetimleriniň giňemeginde düýpli esas bolandygyny aýratyn bellediler.
Bu günki çäräniň esasy maksady hem 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bu çäräniň gurnalmagynyň esasy maksady hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Bitaraplyk syýasatymyzyň türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagynda tutýan belent ornunyň waspyny dabaralandyrmak bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, muzeýler ulgamyna uly üns berýär. Munuň üçin Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyzyň çägi ýok.
Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il–ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.