“Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary” atly bäsleşigiň DÜZGÜNNAMASY


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň halk teatrlarynyň arasynda geçiriljek “Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary” atly bäsleşigiň

DÜZGÜNNAMASY

I.UMUMY DÜZGÜNLER



1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň halk teatrlarynyň arasynda yglan edilen “Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary” atly bäsleşigiň umumy düzgünlerini, esasy maksadyny, bäsleşige gatnaşmagyň we ony geçirmegiň tertibini, guramaçylyk, hukuk we beýleki esaslaryny kesgitleýär.

2. Ýurdumyzyň halk teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ata Watanymyzyň taryhyndaky şanly, buýsançly wakalary, ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlaryny we halkymyzyň baý milli mirasyny wagyz edýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösüşini beýan edýän täze sahna eserleriniň döredilmegini gazanmak, sungat işgärlerini täze döredijilik üstünliklerine höweslendirmek we ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň halk teatrlarynyň arasynda geçirilýän “Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary” atly bäsleşigini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde guraýarlar we geçirýärler.

3. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylan Eminler toparynyň düzümi öz işinde «Medeniýet hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hem-de şu Düzgünnamany goldanýarlar.

I. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY



1. Türkmenistanyň halk teatrlarynyň arasynda sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän “Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary” atly bäsleşiginiň esasy maksady:
- Ýurdumyzyň halk teatrlarynyň döredijilik işini has-da kämilleşdirmekden we olarda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus kämil, döwrebap döredilmegini gazanmakdan, şeýle hem döredijilik işgärlerini höweslendirmekden we ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan;
- Ýurdymyzyň welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gurlup ulanylmaga berlen medeniýet öýlerinde zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň, şeýle hem halk teatrlarynyň höwesjeň artistleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe guralýan medeni çärelerde, milli baýramçylyklarda ýerine ýetirýän çykyşlarynyň täsirliligini, many-mazmunyny artdyrmakdan ybaratdyr.

II. BÄSLEŞIGIŇ UMUMY DÜZGÜNLERI



1. Bäsleşik her welaýat boýunça aýratyn şu aşakdaky senelerde geçirilýär:

- Daşoguz welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 4-6-njy iýuny aralygynda;
- Balkan welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 8-9-njy iýuny aralygynda;
- Lebap welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda;
- Mary welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 13-15-nji iýuny aralygynda;
- Ahal welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 17-18-nji iýuny aralygynda.

2. Bäsleşige gatnaşýan halk teatrlarynyň işlerine baha bermek we olaryň iň gowularyny saýlap-seçip almak, baýrakly orunlary bellemek üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Eminler toparynyň düzümi kesgitlenýär.

3. Bäsleşige diňe bir halk teatrlary däl-de, halk gurjak teatrlary, drama toparlary, teatr studiýalary-da gatnaşyp bilerler.

4. Bäsleşigiň Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň maksadyna laýyklykda, artistleriň sahna çykyşyna, sahna oýunlarynda edebi dil kadalarynyň berjaý edilişine, sahna oýunlarynyň döwrebaplygyna, milliligine we çeperçilik derejesine we özboluşlylygyna baha berýärler.

5. Emin agzalarynyň çözgüdi gutarnyklydyr.

6. Bäsleşigi taýýarlamak we geçirmek boýunça ähli guramaçylyk işleri welaýat medeniýet müdirlikleri we welaýat teatrlarynyň baş ýolbaşçylary amala aşyrýarlar.

III. BÄSLEŞIGIŇ ŞERTLERI



1. Bäsleşige şu aşakdaky mowzuklarda sahnalaşdyrylan eserler hödürlenilip bilner:

- Hormatly Prezidentimiziň eserleri esasynda türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna bagyşlanan sahna oýunlary,
- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän sahna oýunlary,
- asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, kämilleşip gelýän milli medeniýetimizi, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän sahna oýunlary,
- erkin mowzukda.

IV. BÄSLEŞIGIŇ JEMLENILIŞI



1. Bäsleşikde iň gowy sahna oýny üçin 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerlere sowgatlar bellenilýär.
2. Baýrakly orunlardan daşary ussatlygy bilen tapawutlanan döredijilik işgärler eminler toparynyň gelen netijesi esasynda höweslendiriji baýraga mynasyp bolarlar:

- zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin;
- erkek keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin;
- suratkeşiň iň oňat işi üçin;
- režissýoryň iň oňat işi üçin.