Türkmenistanyň wäşileriniň arasynda geçirilýän „Şahandazlar“ atly bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň wäşileriniň arasynda geçirilýän „Şahandazlar“ atly bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

I. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY



Hormatly Prezidentimiziň: „Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler biziň halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut etdi“ diýen sözlerinden ugur alyp, türkmeniň gadymdan gelýän beýik gylyk-häsiýetlerini, şahandazlygyny, göwnaçyklygyny, wäşiligini, dilewarlygyny, suhangöýlügini ösdürmek, ýurdumyzyň wäşileridir şahandazlarynyň çykyşlaryny many-mazmun taýdan kämilleşdirmek we olary çeperçilik taýdan baýlaşdyrmak, şeýle-de döredijilik işgärlerini höweslendirmek we ýaş zehinleri ýüze çykarmak bäsleşigiň esasy maksadydyr.

II. BÄSLEŞIGIŇ UMUMY DÜZGÜNLERI



1. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyry welaýat merkezlerinde, ikinji, jemleýji tapgyry bolsa Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda geçirilýär.

Bäsleşigiň birinji tapgyry şu aşakdaky senelerde geçirilýär:
- Daşoguz welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda;
- Balkan welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda;
- Lebap welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda;
- Mary welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 23-nji maýynda;
- Ahal welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 26-njy maýynda;

Jemleýji tapgyry bolsa, 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda geçirilýär.
2. Bäsleşigiň birinji tapgyrynyň geçiş tertibi we guramaçylygy welaýat medeniýet müdirlikleri we welaýat teatr ýolbaşçylary tarapyndan amala aşyrylýar. Jemleýji tapgyrynyň geçiş tertibi we guramaçylygy Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Birinji tapgyrda üç sany orun bellenilýär. Birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolan wäşiler jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Şeýle hem üç baýrakly orunlardan daşary ussatlygy bilen tapawutlanan wäşiler eminler toparynyň gelen netijesi esasynda jemleýji tapgyra gatnaşmaga ygtyýar alyp bilerler.
4. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda iň gowy çykyş üçin 1 sany baş baýrak hem-de 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerlere sowgatlar bellenilýär. Şeýle hem baýrakly orunlardan daşary ussatlygy bilen tapawutlanan wäşiler eminler toparynyň gelen netijesi esasynda höweslendiriji baýraga mynasyp bolarlar.


III. BÄSLEŞIGIŇ ŞERTLERI



1. Bäsleşikde çykyş etjek wäşiler şu aşakdaky ugurlar boýunça öz ukyplaryny görkezip bilerler:

- degişme sahnalary;
- degişme aýdymlary;
- degişme goşgulary;
- degişme tanslary;
- degişme öýkünmeleri;
- sözsüz, hereketli degişmeler (etýudlar, pantomimolar);
- degişme gürrüňleri (monologlar).

2. Degişme sahnalarynyň dowamlylygy 10 minutdan uzak bolmaly däldir.
3. Wäşileriň birinji tapgyrynda görkezilen çykyşlary bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda gaýtalanmaly däldir.

IV. BÄSLEŞIGIŇ JEMLENILIŞI



1. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş eden wäşiler ýadygärlik sowgatlar, Diplomlar we Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.
2. Bäsleşigiň ýeňijileri Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän medeni çärelerine gatnaşdyrylar.