Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini geçirmek hakynda D Ü Z G Ü N N A M A


Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini geçirmek hakynda

D Ü Z G Ü N N A M A



I bap. Umumy düzgünler

1. Şu «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» (mundan beýläk-«Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi») telebäsleşigini geçirmek hakynda» Düzgünnama (mundan beýläk-«Düzgünnama») «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda çykaran 1409-njy Kararyna laýyklykda işlenilip düzüldi.
2. Şu Düzgünnama «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň esasy maksadyny, ony geçirmegiň tertibini we şertlerini, telebäsleşige gatnaşmagyň düzgünlerini, ýeňijileri seçip almak boýunça eminler we guramaçylyk toparlaryny, bäsleşigi geçirmegiň we üpjün etmegiň şertlerini, telebäsleşigiň jemlerini jemlemegi we ýeňijileri sylaglamagyň tertibini kesgitleýär.
3. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan uly üstünlikleri, onuň şöhratly taryhyny, müň bir öwüşgünli sungatyny, halallyga we paýhasa öwrülen medeniýetini, Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, merdanalayk ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetlerini kämil eserler arkaly beýan edýän zehinli, ýaş höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny seçip almaga ýardam edýär.

II bap. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň esasy maksady

4. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň esasy maksady şulardan ybaratdyr:
1) türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine ýardam bermek;
2) zehinli, höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak;
3) zehinli, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine giň ýol açmak;
4) türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny has-da baýlaşdyrmak.

III bap. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini geçirmegiň tertibi we şertleri

5. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi 3 tapgyrdan ybaratdyr.
6. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň 1-nji tapgyry:
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň etraplarynda, şäherlerinde we Aşgabat şäheriniň etraplarynda geçirilýär.
Bu tapgyra gatnaşýan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň sany çäklendirilmeýär.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň 1-nji tapgyrynyň ýeňijileri şol telebäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmak üçin gözden geçirişe çagyrylýar.
Gözden geçirilişde çykyş eden höwesjeň hem-de zehinli aýdymçy ýaşlaryň çykyşy Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat bölümleri tarapyndan wideo ýazga geçirilýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan döredilen eminler toparynyň garamagyna ýollanylýar.
Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň has zehinlileri Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlaryna gatnaşmak üçin eminler topary tarapyndan seçilip alynýar.
7. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň 2-nji tapgyryna Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň her birinden 10 sany höwesjeň we zehinli aýdymçy ýaşlar gatnaşyp biler.
Bu tapgyryň ýeňijilerine «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk berilýär.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň 2-nji tapgyryna gatnaşan her bir höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlara telebäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
8. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň 3-nji tapgyryna Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň her birinden 2 sany höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlar, jemi 12 aýdymçy saýlanyp alynar, olaryň her biri 1 aýdym bilen jemleýji konsertde çykyş ederler.

IV bap. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşmagyň düzgünleri

9. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine 18-30 ýaşly, aýdym aýtmak ugry boýunça ýokary ýa-da ýörite orta bilimi bolmadyk, Türkmenistanyň raýatlary özleriniň hemişelik ýaşaýan ýerlerinden gatnaşyp bilerler. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine höwes bildirýan daşary ýurtly raýatlar hem gatnaşyp bilerler.
10. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşyjylar her tapgyrda Watanymyzy, Hormatly Prezidentimizi wasp edýän aýdymlardan, Türkmen halk aýdymlaryndan we türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginden öz islegi boýunça saýlap alan 1 aýdymy bilen çykyş ederler.
11. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşýan höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlar özleriniň çykyşlaryny fonogrammasyz, janly ýerine ýetirerler.

V bap. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijilerini seçip almak boýunça eminler topary

12. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýa, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanylýar.
13. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň 2-nji (welaýat) we 3-nji (jemleýji) tapgyryna gatnaşjak höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlar Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan eminler topary tarapyndan kesgitlenilýär.
14. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň eminler topary höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlara şu aşakdaky görnüşler boýunça:
1) akopella taýdan ýerine ýetirijilik ukybyna;
2) aýdymy ýerine ýetirijilik ukybyna;
3) sazyň depginini duýmak ukybyna;
4) türkmen edebi diliniň kadalaryny berjaý edişine;
5) sahna medeniýetine aýratynlykda baha bererler.
Ýokarda agzalan her bir görnüş boýunça her bir emin agzasynyň beren bahasy, elektron geçiriji arkaly sahnada ýerleşdirilen monitorda görkeziler.
15. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň eminler toparynyň çykaran netijesi gutarnykly hasap edilip, ol gaýtadan seredilmäge degişli däldir.

VI bap. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini guramagyň we üpjün etmegiň şertleri

16. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat hem-de Aşgabat şäher tapgyrlaryna estrada-instrumental ansambly sazandarlyk ederler.
17. Her bir saz guralynyň we höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlaryň owazy ses ýaýyjy enjamynyň aýry-aýry ses ýodalary arkaly ýazgy edilmelidir.
18. Bäsleşige gatnaşyjy höwesjeň, zehinli ýaş aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilýan aýdymlary has aýdyň diňlemekleri üçin eminler topary gulaga dakylyp aýdym diňlenilýän serişdeler (nauşnikler) bilen guramaçylar tarapyndan üpjün ediler.

VII bap. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini jemlerini jemlemegiň we ýeňijileri sylaglamagyň tertibi

19. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2020-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňisyrasynda Aşgabat şäherinde geçiriler.
20. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri eminler topary tarapyndan seçilip alynar.
21. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna jemi 12 (on iki) sany höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlar gatnaşyp, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň her birinden 1 (bir) sany höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlar, jemi 6 (alty) sany höwesjeň, zehinli aýdymçy ýaşlar ýeňiji diýlip yglan ediler we olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar.
22. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýat hem-de Aşgabat şäher tapgyrlary, şeýle hem şol telebäsleşigiň jemleýji konserti Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradioýaýlymlarynda görkeziler.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat, şäher, etrap we jemleýji tapgyrlaryny geçirmegiň

T E R T I B I

Aşgabat şäheri boýunça

1. Köpetdag etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-i;
2. Büzmeýin etraby - 2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-i;
3. Berkararlyk etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 12-si;
4. Bagtyýarlyk etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 12-si;

Ahal welaýaty boýunça

1. Sarahs etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-i;
2. Babadaýhan etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 12-si;
3. Tejen şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 13-i;
4. Tejen etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 13-i;
5. Kaka etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 14-i;
6. Gökdepe etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 15-i;
7. Bäherden etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 15-i;
8. Ak bugdaý etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 16-sy;

Balkan welaýaty boýunça

1. Türkmenbaşy şäheri - 2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-i;
2. Türkmenbaşy etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 12-si;
3. Gumdag şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 13-si;
4. Bereket etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 14-i;
5. Serdar etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 15-i;
6. Serdar şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 15-i;
7. Magtymguly etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 16-sy;
8. Etrek etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 17-si;
9. Esenguly etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 18-i;
10. Hazar şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 19-y;
11. Balkanabat şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 20-si;

Daşoguz welaýaty boýunça

1. S.Türkmenbaşy etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-i;
2. Köneürgenç etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-i;
3. Görogly etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 12-si;
4. S.A.Nyýazow adyndaky etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 12-si;
5. Akdepe etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 13-i;
6. Gurbansoltan eje adyndaky etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 13-i;
7. Gubadag etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 14-i;
8. Boldumsaz etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 14-i;
9. Ruhubelent etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 15-i;
10. Daşoguz şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 15-i;

Lebap welaýaty boýunça

1. Darganata etraby - 2020-nji ýylyň maý aýynyň 6-sy;
1. Dänew etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 7-si;
2. Çärjew etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 8-i;
3. Farap etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 10-y;
4. Köýtendag etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 12-si;
5. Hojambaz etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 14-i;
6. Döwletli etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 13-i;
7. Kerki etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 15-i;
8. Halaç etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 16-sy;
9. Saýat etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 17-si;
10. Türkmenabat şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 18-i;

Mary welaýaty boýunça

1. Tagtabazar etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 6-sy;
2. Mary şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 7-si;
3. Serhetabat etraby - 2020-nji ýylyň maý aýynyň 8-i;
4. Türkmengala etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 10-y;
5. Garagum etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-i;
6. Baýramaly etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 12-si;
7. Baýramaly şäheri – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 13-i;
8. Murgap etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 14-i;
9. Mary etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 15-i;
10. Wekilbazar etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 16-sy;
11. Sakarçäge etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 17-si;
12. Oguzhan etraby - 2020-nji ýylyň maý aýynyň 18-i;
13 Ýolöten etraby – 2020-nji ýylyň maý aýynyň 19-y;

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat we jemleýji tapgyrlarynyň geçiş
T E R T I B I:

1. Aşgabat şäherinde – 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 6-sy;
2. Ahal welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 13-i;
3. Balkan welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 20-si;
4. Daşoguz welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 27-si;
5. Lebap welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 4-i;
6. Mary welaýatynda – 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 11-i;

Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň guramaçylyk bölümleriniň ýerleşýän salgysy we telefonlary:

Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461-nji jaýy,
TürkmenistanyňMedeniýet ministrligi:
44-00-10; 44 -00-11

Aşgabat şäheri, 1916 köçesiniň 1-nji jaýy,
Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymy:
43-88-53; 43 -89-22

Aşgabat şäher we welaýat medeniýet müdirlikleriniň telefonlary:
Aşgabat şäheri – 92-22-10 (80012)
Ahal welaýaty – 3-31-12 (800137)
Balkan welaýaty – 7-19-38 (800222)
Daşoguz welaýaty – 9-28-55 (800322) Lebap welaýaty – 2-13-40 (800422)
Mary welaýaty – 6-35-79 (800522)

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrlarynyň geçiş

T E R T I B I:

T/b Welaýatlar Wagty Geçiriljek ýeri

1. Aşgabat şäherinde 06.06. 2020 ý. «Aşgabat» aýdym-saz merkezi
2. Ahal welaýatynda 09.06.2020 ý. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäher Medeniýet öýüniň öňündäki meýdança
3. Balkan welaýatynda 13.06.2020 ý. Türkmenbaşy şäheriniň amfiteatry
4. Daşoguz welaýatynda 17.06.2020 ý. Daşoguz şäheriniň «Ruhyýet» köşgüniň öňündäki meýdança
5. Lebap welaýatynda 04.07.2020 ý. Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähi
6. Mary welaýatynda 11.07.2020 ý. Mary şäherininiň «Bagtyýarlyk» seýigähi