Bize okamaga geliň!


Bize okamaga geliň!



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty 2020-2021-nji okuw ýyly üçin saz gurallarynyň dürli görnüşleri we hünär ugurlary boýunça, beden taýdan sagdyn, akyl we ruhy taýdan kämil, zehinli okuwçylary mekdebiň aşakda görkezilen bölümlerine okuwçylaryň saýlap alan hünär ugry boýunça zehinini, ukybyny, başarnygyny görkezmek şerti bilen, bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär:

Umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 3-nji synpyny tamamlan we 4-nji synpa geçen, 2011-nji ýylda doglan oglan-gyzlar aşakdaky ugurlar boýunça okuwa kabul edilýär:

1. Milli saz gurallary bölümi: dutar, gyjak, plektrli dutar, kanun saz gurallary boýunça;
2. Halk saz gurallary bölümleriniň: akkordeon, gitara saz gurallary boýunça;
3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň: fleýta, goboý, klarnet, fagot, truba, trombon, waltorna, kakylyp çalynýan saz gurallary boýunça;
4. Horeografiýa bölüminiň: tans ugry boýunça;
5. Kirişli saz gurallary bölüminiň: alt, kontrabas saz gurallary boýunça.
Umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 1-nji synpyna barýan 2014-nji ýylda doglup, 6 ýaşan oglan-gyzlar aşakdaky ugurlar boýunça okuwa kabul edilýär:
1. Kirişli saz gurallary bölüminiň: skripka, wiolonçel saz gurallary boýunça;
2. Fortepiano bölüminiň: fortepiano saz guraly boýunça;
3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň: blok fleýta saz guraly boýunça.

Mekdebiň 1-nji synpyna 2014-nji ýylda doglup 6 ýaşan oglan-gyzlar, 4-nji synpyna 2011-nji ýylda doglup, umumy bilim berýän orta mekdepleriň diňe 3-nji synpyny tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär. Ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerinde okaýan aýratyn zehinli okuwçylary ýokarda görkezilen ugurlar boýunça mekdebe okuwa kabul etmeklige bellenilen tertipde goşmaça serediler.

Mekdebe okuwa kabul edilmek giriş synaglaryny tabşyrmak arkaly,
bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.
2020-nji ýylyň maý aýynyň 27-sinden iýun aýynyň 1-i aralygynda her gün mekdep-internatyna okuwa girmekçi bolýan çagalaryň resminamalary kabul edilýär we resminama tabşyran çagalar üçin mekdebiň okuw binasynda taýýarlyk-düşündiriş sapaklary geçirilýär. Taýýarlyk sapaklary sagat 16.00-da başlanýar. Dalaşgärleriň ata-eneleri (olaryň ornuny tutýanlar) mekdep-internatyna aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyrlar:

1. Çaganyň ata-enesiniň (olaryň ornuny tutýanlaryň) adyndan okuwa kabul etmek barada arza.
2. Ata-enesiniň (olaryň ornuny tutýanlaryň) pasportlarynyň asyl nusgalary we göçürmesi;
3. Çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasy we göçürmesi;
4. Çaganyň 3 х 4 ölçegdäki 12 sany fotosuraty.
5. Saglyk ýagdaýy barada Kepilnama, görnüş-63 we görnüş-26.
6. Hemişelik ýaşaýan ýerinden Kepilnama, görnüş-3.
Giriş synaglary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanan, zehinli çagalary ýörite sazçylyk mekdep-internatyna okuwa kabul etmegiň Tertibiniň talaplaryna laýyklykda guralýar hem-de mekdepde 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 3-inden–9-y aralygynda geçirilýär, synaglar sagat 09.00-da başlanýar. Giriş synaglaryna gatnaşýan çagalar synaga gelenlerinde Dogluş hakynda şahadatnamanyň hem-de olaryň ata-eneleriniň (olaryň ornuny tutýanlaryň) pasportlarynyň asyl nusgalaryny öz ýanlary bilen getirmelidirler:

Mekdebiň salgysy:

Aşgabat şäheri, 1945-nji (10 ýyl Abadançylyk) köçe, 118-nji jaý. Telefon belgileri: 48-19-58; 48-19-52