Foto suratlary düşürmek boýunça «Watanymyň gözelligi – rowaçlygyň gönezligi» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


Foto suratlary düşürmek boýunça «Watanymyň gözelligi – rowaçlygyň gönezligi» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY



I. Foto bäsleşigi guramak we talabalaýyk geçirmek.

1.1. Foto bäsleşik Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde gurnalýar.
1.2. Foto bäsleşik 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň nesil terbiýesiniň milli däplerini ösdürmek, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak taýdan kämil bolmaklaryny, olaryň giň dünýägaraýyşly, bilimli, hünärli, edepli we edenli bolmaklaryny gazanmak babatda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işlerini, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň nesil terbiýesiniň milli däplerini ösdürmek, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak taýdan kämil bolmaklaryny, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, hünärli, edepli we edenli, watançy ýaşlar bolmaklaryny gazanmak babatda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan nusgalyk işlerini we şahsy göreldelerini köpçülikleýin wagyz etmek, Mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz ýurdumyzyň tebigatynyň gözellikleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, daglarynyň we düzleriniň, medeni we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp şekillerini foto suratlarda beýan etmek boýunça ýerine ýetiren nusgalyk işlerinden ugur alyp, olary ýaşlaryň arasynda ýaýmak maksady bilen geçirilýär.
1.3. Foto bäsleşige ýaşy 14-den 30-a çenli aralykdaky Türkmenistanyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlary gatnaşdyrylýar.
1.4. Foto bäsleşik 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda yglan edilýär we 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda jemi jemlenýär.
1.5. Foto bäsleşige hödürlenilýän foto suratlar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda, sagat 15.00-a çenli kabul edilýär.
1.6. Foto bäsleşige welaýatlardan gatnaşjaklaryň düşüren foto suratlary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň elektron poçtasyna (tdca.ylym@gmail.com) hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web saýtyna (yaslar.gov.tm): «Watanymyň gözelligi – rowaçlygyň gönezligi» atly foto bäsleşigine diýlen ýazgy bilen ugradylmalydyr.
1.7. Foto bäsleşigiň jemleýji çäresi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçiriler.

II. Foto bäsleşigiň şertleri:

2.1. Foto bäsleşige gatnaşyjy ýaşlaryň jemi sany çäklendirilmeýär, şol bir wagtda her bir gatnaşyjynyň foto bäsleşige hödürlejek foto suratlarynyň sany 2-den köp bolmaly däldir.
2.2. Foto bäsleşige hödürlenýän foto suratlar häzirki zaman foto enjamlarynda reňkli görnüşde surata düşürilen (ykjam telefonlar muňa girmeýär) we işleriň asyl nusgalary bolmaly.
2.3. Foto bäsleşige hödürlenýän foto suratlar talabalaýyk ýagdaýda A4 formatda, dikligine (wertikal) ýa-da keseligine (gorizontal) görnüşde çykarylan (çap edilen) hem-de çarçuwa (ramka) geýdirilen bolmaly.
2.4. Foto bäsleşige hödürlenýän foto suratlara olaryň awtorlary tarapyndan at berilmelidir, foto suratlaryň ady şu Düzgünnamanyň III bölüminde görkezilen temalaryň birine hökman laýyk gelmelidir.
2.5. Foto bäsleşige hödürlenýän foto suratlary kompýuterde goşmaça işlemäge, olara düzediş bermäge ýa-da olar babatda başga bir emeli usul (montaž) ulanmaga rugsat berilmeýär, şeýle edilen foto suratlar bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
2.6. Foto bäsleşige hödürlenen foto suratlar yzyna, olaryň awtorlaryna gaýtarylyp berilmeýär.
2.7. Foto bäsleşigiň jemi we jemleýji çäresiniň netijeleri onuň geçirilen güni yglan ediler hem-de bäsleşigiň netijeleri boýunça bäsleşige gatnaşan foto suratlaryň awtorlary ýeňijiler hökmünde ýadygärlik sowgatlary, Diplomlar we Hormat hatlary bilen sylaglanar, işleriň many-mazmun we ýerine ýetiriliş taýdan has kämilleri metbugatda çap ediler, degişli resmi web saýtlarda ýerleşdiriler.
2.8. Foto bäsleşige gatnaşmaklary üçin hödürlenen foto suratlaryň awtorlarynyň ýaşaýan salgysy, işleýän ýeri, okaýan ýeri, iş, öý, ykjam telefon belgileri baradaky maglumatlar onuň bäsleşige gatnaşdyrylýan foto suratlary bilen bilelikde, şol suratlaryň atlaryny ýazmak şerti bilen, aýratyn A4 ak kagyzda kompýuterde ýazylyp tabşyrylmalydyr.

III. Foto bäsleşigiň temalary:
- sport;
- bilim;
- medeniýet;
- milli miras;
- daýhançylyk;
- çaga durmuşy;
- meniň maşgalam;
- tebigatyň gözelligi;
- ajaýyp binalar;
- haýwanat dünýäsi;
- gaýtalanmajak täsinlik;
- sagdyn durmuş ýörelgesi.

3.1. Foto bäsleşige hödürlenýän foto suratlar ozal şeýle bäsleşiklere gatnaşdyrylmadyk bolmaly we olar şu bäsleşigiň başlanýan hem-de tamamlanýan seneleri aralygynda düşürilen bolmaly.

IV. Foto bäsleşigi jemlemek we ýeňijileri sylaglamak:

4.1. Foto bäsleşige hödürlenen foto suratlaryň sergi ekspozisiýasy gurnalar, olar bäsleşigiň jemleýji çäresinde Emin agzalary tarapyndan gözden geçirilip, ýeňijiler kesgitlener, foto bäsleşigi jemlemek hem-de onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda, Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçiriler, çäre sagat 10.00-da başlanar.
4.2. Foto bäsleşigiň jemleri boýunça aşakdaky ýerler kesgitlenildi:

Dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlar boýunça (jemi 9):
1-nji orun – 3 sany.
2-nji orun – 3 sany.
3-nji orun – 3 sany.

Okaýan ýaşlar (talyplar) boýunça (jemi 6):

1-nji orun – 2 sany.
2-nji orun – 2 sany.
3-nji orun – 2 sany.

4.3. Foto bäsleşige gatnaşyp, tapawutlanan foto suratlary düşüren: dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlaryň 5-si we bilim alýan ýaşlaryň 5-si höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar.
4.4. Emin agzalarynyň çykarjak netijeleri gutarnykly bolup, degişli meselelere gaýtadan seredilmeýär.

Habarlaşmak üçin:

Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy.
Tel.: 92-56-41, faks: 92-12-01.