«Bagtyýar çagalyk» atly halkara surat bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


«Bagtyýar çagalyk» atly halkara surat bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY



I. Umumy düzgünler.

2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çagalaryň halkara surat bäsleşigi ýurdumyzyň we daşary ýurtly çagalaryň we ýetginjekleriň gatnaşmagynda parahatçylygy wasp edýän ýaş suratkeşleriň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini çeper eserleriň üsti bilen beýan edýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Bäsleşikde orun alan we tapawutlanan işler 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sergilener.
Bäsleşige gelip gowşan işler yzyna gaýtarylmaýar. Olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň eýeçiliginde bolup, çagalary höweslendirmek maksady bilen, awtoryň ady görkezilip dürli sergilerde, gazet-žurnallarda, telewideniýede ulanylar.
Bäsleşige gatnaşan işler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm. resmi saýtynda hem ýerleşdiriler.

II. Bäsleşigiň şertleri.

Bäsleşige çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan çagalar bilen bir hatarda, çeperçilik gurnaklara gatnaýan ýa-da umumybilim berýän mekdeplerde okaýan aýratyn zehinli okuwçylar hem gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik iki ýaş aýratynlyklary boýunça geçiriler:

7–11 ýaş
12–16 ýaş

Bäsleşik aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:

1. Grafika
2. Nakgaşçylyk (akwarel, guaş)

Bäsleşige gatnaşýan çagalaryň we ýetginjekleriň işleri özbaşdak ýerine ýetirilen bolmaly. Bäsleşige hödürlenilýän işler: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan», «Men parahatçylygy söýýärin!», «Türkmenistan arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy!», «Meniň ülkämiň gözel ýerleri», «Men Türkmenistan barada surat çekýärin», «Bagtyýar çagalyk» temalar boýunça ýerine ýetirilmeli.
Işler asyl nusgada, 30x40 sm. ölçegde hem-de sergilenmek maksady bilen çarçuwalanan (ramkaly) we 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen bolmaly. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyryljak işler 2021-nji ýylyň 1-nji apreli – 1-nji maýy aralygynda kabul edilýär we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna ýollanmalydyr. Görkezilen möhletden gijä galan işler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
Bäsleşige gatnaşyjynyň maglumatlary nusga laýyklykda (goşulýar) doldurylyp, onuň bäsleşige gatnaşýan işiniň arka tarapynda ýelmenmelidir. Bäsleşigiň şertlerine we talaplaryna laýyk gelmeýän hem-de gatnaşyjynyň anketasynda maglumatlar doly we dürs doldurylmadyk işler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.

III. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak

Bäsleşigiň emin agzalary Türkmenistanyň tanymal suratkeşlerinden, sungaty öwrenijilerden, tejribeli surat mugallymlardan ybarat bolar. Eminleriň çykaran netijesi gutarnykly bolup, gaýtadan seredilmeýär.
Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda dabaraly yglan ediler. Şeýle hem, bu barada maglumatlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda hem ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň orunlary aşakdaky tertipde kesgitlener:

7–11 ýaş aýratynlygy boýunça

Grafika boýunça:
I orun – 3 sany.
II orun – 3 sany.
III orun – 3 sany.

Nakgaşçylyk boýunça:
I orun – 3 sany.
II orun – 3 sany.
III orun – 3 sany.

12–16 ýaş aýratynlygy boýunça

Grafika boýunça:
I orun – 3 sany.
II orun – 3 sany.
III orun – 3 sany.

Nakgaşçylyk boýunça:
I orun – 3 sany.
II orun – 3 sany.
III orun – 3 sany.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler Diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanar, şeýle hem, aýratyn tapawutlanan işlere Hormat hatlar we höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutulýar.

Bäsleşige hödürlenilýän işleri aşakdaky salga ibermeli.
Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy,
2022 (A.Nowaýy), 90.
Elektron poçta: tdсa@online.tm, tdсa.best@gmail.com
Tel.: (+99312) 92-72-17
Habarlaşmak üçin:
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Tel.: (+99312) 44-00-41
Faks: (+99312) 92-22-90

Bäsleşige gatnaşyjynyň anketada görkezmeli maglumatlary:

1. Ady, familiýasy, atasynyň ady
2. Ýaşy we doglan senesi
3. Jynsy (gyz, oglan)
4. Hödürlenilýän işiň temasy
5. Umumybilim berýän mekdebi we synpy
6. Çeperçilik ýa-da sungat mekdebi we synpy (gurnaga gatnaýan bolsa ady we salgysy)
7. Ýaşaýan ýeriniň salgysy we telefony
8. Hünär mugallymy

Önki makalalar