Çagalar sungat mekdeplerini 2020-2021-nji okuw ýylynda tamamlajak okuwçylaryň arasynda geçiriljek «Halypa ýörelgesi – şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


Çagalar sungat mekdeplerini 2020-2021-nji okuw ýylynda tamamlajak okuwçylaryň arasynda geçiriljek «Halypa ýörelgesi – şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY



1. Bäsleşigiň maksady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan pähim-paýhasly syýasaty, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri medeniýet we sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdeplerini 2020-2021-nji okuw ýylynda tamamlajak okuwçylaryň arasynda dürli hünär-ugurlar boýunça geçiriljek bäsleşik ýurdumyzda saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ukyp derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetirijilik başarjaňlygyny ösdürmek maksady bilen geçirilýär.

2. Bäsleşigiň geçiş tertibi we şertleri.
Bäsleşige aşakda görkezilen hünärler-ugurlar boýunça çagalar sungat mekdeplerini 2020-2021-nji okuw ýylynda tamamlaýan okuwçylaryň gatnaşmaga hukugy bardyr.
Bäsleşik aşakdaky hünärler boýunça geçiriler:

• Bagşy, dutar, gyjak, plektrli dutar, kanun gitara, akkordeon, fleýta, klarnet, truba, trombon, tuba, ksilofon, fortepiano, skripka, wiolonçel.

Bäsleşigiň 1-nji saýlama tapgyry çagalar sungat mekdeplerinde geçirilip, saýlanan çagalaryň wideo ýazgylary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölümine ýollanylmalydyr.
Bäsleşigiň 2-nji saýlama tapgyry wideo ýazgylary diňlemek arkaly Eminler topary tarapyndan saýlanyp jemleýji tapgyra hödürlener.
Bäsleşige gatnaşmak üçin aşakdaky resminamalary 2021-nji ýylyň 10-njy apreline çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölümine ýollamalydyrlar.

1. Okuwçynyň 2 eseri ýerine ýetirilen wideo ýazgysy;
2. Okuwçynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň göçürmesi;
3. Okuwçynyň çagalar sungat mekdebine kabul edilendigi baradaky buýrugyň göçürmesi we degişli synpda okaýandygy barada mekdebiň müdiri tarapyndan berlen delilnama.
Resminamalar elektron görnüşde (JPEG) bolmalydyr. Görkezilen möhletden gijä galan resminamalar we ýazgylar kabul edilmeýär.
Bäsleşigiň jemi boýunça maglumatlar barada welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliklerine habar berler.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry we olary sylaglamak dabarasy 2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda geçiriler.

3. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanyşy.
Bäsleşigiň dutar ugry boýunça beriljek ýerleriň sany:

I orun – 1 sany;
II orun – 1 sany;
III orun – 1 sany.

Bäsleşigiň fortepiano ugry boýunça beriljek ýerleriň sany:
I orun – 1 sany;
II orun – 1 sany;
III orun – 1 sany.

Bäsleşigiň galan ugurlary boýunça beriljek ýerleriň sany:
I orun – 1 sany;
II orun – 1 sany;
III orun – 1 sany.

Aýratyn tapawutlanan işlere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary gowşurylar.

4. Bäsleşige gatnaşyjylaryň hünärler-ugurlar boýunça ýerine ýetirmekleri talap edilýän eserleriniň görnüşleri.
Bagşy.
1. Mukamçy kompozitoryň eseri.
2. Türkmen halk aýdymy.

Dutar, gyjak.
1. Akkompanementli bir eser.
2. Türkmen halk sazy.

Plektrli dutar, kanun.
1. Türkmen kompozitorynyň eseri (akkompanementli).
2. Daşary ýurt kompozitorynyň eseri (akkompanementli).

Akkordeon, gitara.
1. Türkmen kompozitorynyň eseri (akkompanementli bolup biler).
2. Uly göwrümli eser. 1-nji bölüm (akkompanementli bolup biler).

Fleýta, klarnet, truba, trombon, tuba, ksilofon.
1. Türkmen kompozitorynyň eseri (akkompanementli).
2. Daşary ýurt kompozitorynyň eseri (akkompanementli).

Fortepiano.
1. Türkmen kompozitorynyň eseri.
2. Uly göwrümli eser. 1-nji bölüm

Skripka, wiolonçel.
1. Türkmen kompozitorynyň eseri. (akkompanementli).
2. Uly göwrümli eser. 1-nji bölüm (akkompanementli).