«Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY


«Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY



I. Umumy düzgünler.
Bäsleşik Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Demokratik Partiýasy tarapyndan ýurdumyzda çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda geçiriler.
Bäsleşigiň birinji tapgyry talyplaryň öz okaýan mekdeplerinde geçirlip, olaryň ýeňijileri döwlet möçberinde geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Bäsleşigiň 1-nji tapgyrynyň emin agzalary 5 adamdan ybarat bolup, olar degişli okuw mekdebiniň halypa mugallymlaryndan düzülýär we toparyň başlygy şol okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bolýar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň Emin agzalary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň tanymal suratkeşlerden we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlaryndan ybarat bolar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna her ugur boýunça 1, 2, 3-nji orunlara eýe bolan we tapawutlanan işler gatnaşdyrylýar. Bäsleşige gatnaşan işler yzyna gaýtarylyp berilýär.

II. Bäsleşigiň şertleri.
Bäsleşik grafika, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, gobelen, zergärçilik we külalçylyk ugurlary boýunça geçiriler.
Bäsleşige gatnaşýan işler Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli we ynsanperwer halkara gatnaşyklaryny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, milli däp-dessurlarymyzy we gymmatlyklarymyzy we gözel tebigatymyzy wasp edýän temalar boýunça ýerine ýetirilmelidir. Talybyň bäsleşige gatnaşýan işi 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen we asyl nusgada bolmalydyr.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyryljak işler 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-ine çenli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine ýollanylmalydyr. Görkezilen möhletden gijä galan işler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
Işler sergilenmek maksatly talaba laýyk çarçuwalanan (ramkalanan) bolmaly. Ýerine ýetirilen işiň ýüz tarapynyň sag burçunda ýörite etiketkada bäsleşige gatnaşyjynyň ady, familiýasy, okaýan mekdebi hem-de işiň ady ýazylmalydyr .
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşýan talybyň anketasynyň ähli maglumatlary kompýuterde ýazylyp, onuň bäsleşige gatnaşýan işiniň arka tarapynda ýelmenmelidir. Maglumatda şular hökman ýazylmaly:

- Bäsleşige gatnaşýan talybyň ady, familiýasy.
- Okaýan çeperçilik (sungat) mekdebiniň ady we salgysy.
- Doglan senesi.
- Okaýan ýyly.
- Talybyň hünär mugallymynyň ady we familiýasy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak:
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy we jemleýji sergi 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 5-ine Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.

Bäsleşigiň ýeňijileri her ugur boýunça aşakdaky tertipde kesgitlener:
I orun – 1 sany
II orun – 1 sany
III orun – 1 sany

Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşan işleriň ýeňijileri baýraklar, Diplomlar bilen sylaglanarlar. Şeýle-de, bäsleşige işjeň gatnaşan 5 sany talyp höweslendiriji baýrak hem-de Hormat haty bilen sylaglanar.
Eminler topary mynasyp hasap etmedik ýagdaýynda ýerler berilmän hem bilner. Eminleriň çykaran netijeleri gutarnykly bolup, gaýtadan seredilmeýär.